Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

ÝHHG azerbeýjanly tanymal žurnaliste hüjüm edilmegini ýazgardy


Penşenbe güni Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasy baýraga mynasyp bolan azerbeýjanly žurnalist Idrak Abbasowa hüjüm edilmegini ýazgardy.

Birnäçe žurnaliste we Idrak Abbasowa Azerbeýjanyň döwlet eýeçiligindäki “SOCAR” energiýa kompaniýasynyň howpsuzlyk işgärleri hüjüm edeninden soň, Idrak Abbasow çarşenbe güni keselhana ýerleşdirildi.

“SOCAR” kompaniýasynyň işgärleri Bakuwyň etegindäki Sulutepe obasynyň jaýlaryny ýykýan wagtlary ýerli ýaşaýjylar bilen dörän dawa wagtynda bu wakalary surata düşüren žurnalistlere hüjüm etdiler.

Žurnalist Idrak Abbasow “Zerkalo” gazetinde işleýär we Azerbeýjanda Habarçylaryň azatlygy we howpsuzlygy institutynyň düýbüni tutujylardan biri bolup durýar. Ol geçen ýyl “Senzuranyň görkezijisi” atly media hukuklaryny goraýan topar tarapyndan ýörite baýraga mynasyp bolupdy.
XS
SM
MD
LG