Sepleriň elýeterliligi

NATO öz howa gorag sistemasy barada Orsýet bilen gepleşik geçirdi


NATO-nyň we Orsýetiň ministrleri bileleşigiň Ýewropada raketadan goranyş sistemasyny gurmak planlary bilen baglanyşykly penşenbe güni maslahat etdiler.

NATO agza 28 döwletiň daşary işler ministrleri, şol sanda ABŞ-nyň Döwlet sekretary Hillary Klinton hem Orsýetiň daşary işler ministri Sergeý Lawrow bilen NATO-nyň Brýüsseldäki Baş edarasynda duşuşdylar.

Duşuşygyň öňýanynda eden çykyşynda NATO-nyň Baş sekretary Anders Fogh Rasmussen raketadan goranmak sistemasy baradaky Orsýetiň aladasy boýunça bileleşigiň iş alyp barýanlygyny belledi.

Rasmussen bu gorag sistemasy ýaramaz niýetli ýurtlar tarapyndan atylan raketadan Ýewropany gorar we ol Orsýete howp abandyrmaz diýdi. Emma Orsýet bu howa sistemasynyň öz ýadro arsenalyna howp abandyrjakdygyny öňe sürýär.
XS
SM
MD
LG