Sepleriň elýeterliligi

Türkmenistan işsizlige garajak edara döretmekçi


Ýewgeniý Greçuhin: "Türkmenistandan haýsydyr bir statistik maglumat almak gaty kyn, çylşyrymly iş. Statistika bu ýurtda ýapyk".

Ýewgeniý Greçuhin: "Türkmenistandan haýsydyr bir statistik maglumat almak gaty kyn, çylşyrymly iş. Statistika bu ýurtda ýapyk".

Türkmen metbugatynyň çap eden maglumatyna görä, Türkmenistanyň prezidentiniň “Zähmet ministrligine degişli edaralaryň gurluşyny hem Türkmenistanyň ilatynyň sosial goragyny kämilleşdirmek baradaky” karary esasynda welaýat merkezlerinde hem-de Aşgabat şäherinde Zähmet we ilatyň iş bilen üpjünçiligi barada täze edara döretmeklik göz öňünde tutulýar.

Bu täzelikden ilat nähili özgerişlere garaşyp biler? Azatlyk Radiosy şu mesele boýunça Moskwada ýaşaýan türkmenistanly ýurist Ýewgeniý Greçuhin bilen gürründeş boldy.

Azatlyk Radiosy: Kararda täze döredilýän edaranyň ilatyň iş bilen üpjünçiligini mundan beýläk giňeltmek, iş ýerleri barada halk köpçüligine hakyky hem öz wagtynda maglumat bermek, iş tapmakda raýatlara ýardam bermek ýaly işleri alyp barjakdygy aýdylýar. Zähmet biržalary her etrapda öňem bardy.Täze edara işe ýerleşmekde Türkmenistanyň ilatyna real kömek berip bilermi?

Ýewgeniý Greçuhin: Berip biler, ýöne şol edara öz kärini, işini gowy bilýän professional kadrlar gelse. Eger şol adamlar täze edaranyň näme üçin döredilýändigine düşünip, işe girişse, onda bu işe ýardam edip biler. Eger oňa öz şahsy bähbidinden başga zady bilmeýän adamlar gelse, onda täze döredilýän gurluşyň bahasy gara şaýy bolar.

Azatlyk Radiosy: Bu kararda iş sorap ýüz tutýanlaryň hasabyny ýöretmek hem şol alnan maglumatlara operatiw reaksiýa bildirmek barada-da aýdylýar. Beýle diýildigi, eýsem, geljekde ýurtda işsizlik barada statistik maglumatlaryň boljakdygyny aňladýarmyka?

Ýewgeniý Greçuhin: Şony aňlatjagyna ynanasym gelýär. Ýöne şol bir wagtda şübhe-de döreýär, çünki Türkmenistandan haýsydyr bir statistik maglumat almak gaty kyn, çylşyrymly iş. Statistika bu ýurtda ýapyk. Şonuň üçin, işe ýerleşmekçi bolýan adamlaryň sany barada-da maglumat çap edilmese gerek. Şu meselede ýalňyşýan bolsam, men şoňa begenerdim.

Azatlyk Radiosy: Dünýäniň ösen döwletlerinde işsizler barada takyk maglumatlar habar serişdelerinde berilýär, işsizlere döwlet tarapyndan kömek puly berilýär. Mundan beýläk Türkmenistanda-da şol praktika ornaşar diýip garaşyp bolarmy? Türkmenistanlylar döwlet kömegine bil baglap bilerlermi?

Ýewgeniý Greçuhin: Gowy sorag. 90-njy ýyllarda iş orny gysgaldylyp, işden çykarylan adamlara ýa-da pensiýa ýaşyna az wagt galan adamlara töleg etmek, pensiýa bermek barada kanun çykypdy.

Ýöne häzir Türkmenistanyň işsiz ilatyna işsizlik üçin kömek pulunyň berilmegi ýa beriljegi çylşyrymly mesele. Ony haýsydyr bir fond öz üstüne almaly. Eger şu wagta çenli şeýle bir fond döredilmedik bolsa, işsizlere töleg edilmeýän bolsa, onda bu meseläniň gysga wagtda çözüljegine ynam az.

Daşary ýurt metbugatynda çap edilen soňky maglumatlara görä, Türkmenistanda işsizligiň derejesi ýokary. Şonuň üçin töleg ediljek bolsa, serişde gaty köp gerek bolar. Men adamlaryň işe ýerleşdirilmegini, işsizleriň döwlet kömegini almagyny gaty isleýärin. Onuň üçin uly işler geçirimeli.

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG