Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

“Siriýanyň dostlary” Annanyň plany “soňky umyt” diýýär


Fransiýanyň Daşary işler ministrliginde Siriýa barada maslahat edilýär. Pariž, 19-njy aprel, 2012.
Fransiýanyň Daşary işler ministrliginde Siriýa barada maslahat edilýär. Pariž, 19-njy aprel, 2012.
“Siriýanyň dostlary” atly toparyň wekilleri Parižde duşuşyp, Kofi Annanyň parahatçylyk planynyň ýol almagy üçin ellerinde baryny etjekdiklerini aýtdylar.

ABŞ-nyň döwlet sekretary Hillari Klinton BMG-niň Howsuzlyk geňeşini, ylalaşygyň şertlerini ýerine ýetirmegi üçin, Siriýanyň prezidenti Başar Assada has kän basyş görkezmäge çagyrdy.

“Biziň Howpsuzlyk geňeşinde 7-nji bap sanksiýalary, şol sanda syýahat, maliýe sanksiýalary, ýarag gadaganlygy barada örän erjel ilerlemäge başlamagymyz gerek” diýip, ol aýtdy.

Klinton bu basyşyň özlerine režimi Kofi Annanyň alty punktdan ybarat planyny berjaý etmäge iteklemek mümkinçiligini berjegini sözüne goşdy.

Annanyň plany başa barmasa...

Fransiýanyň daşary işler ministri Alaýn Župpe toparyň içinde Ananyň plany başa barmadyk ýagdaýynda edilmeli zatlar barada pikir alyşmak isleýänleriň hem bardygyny aýtdy.

“Men biz garaşyp bilemzok, wagt geçýär diýmekçi. Synçylar derhal ýurt içine eltilmeli we hiç bir päsgelçiliksiz herket eder ýaly bolmaly” diýip, Župpe aýtdy we şeýle edilmedik ýagdaýynda özleriniň Howpsuzlyk geňeşi hem-de halkara jemgyýetçiligi üçin başga nähili mümkinçilikleriň bardygy hakynda pikir alyşmaly boljagyny belledi.

Orsýet Parižde bolan duşuşykdan öň, Siriýanyň wekilçilik etmeýänligi üçin, bu gepleşikleri “bir taraply” diýip tankytlady.

Orsýetiň daşary işler ministrliginiň sözçüsi Aleksandr Lukaşewiç dünýä Annanyň tagallalarynyň ýerine düşmegini gazanjak bolmaly diýdi we NATO-nyň we Aýlak arap döwletleriniň oppozisiýa goldaw bermek yşaratlaryny tankyt etdi.

Fransuz we rus pozisiýalary

Fransiýanyň prezidenti Nikolas Sarkozi, eger halkara jemgyýetçiligi bir-bitewiligini görkezse, Hytaý bilen Orsýet Damasky goldamagyny goýar we Assadyň hökümeti ýykylar diýen çaklamany öňe sürdi.

BMG-niň Baş sekretary Pan Gi-mun biraz öň Siriýanyň Annanyň atyşygy kesmek ylalaşygyny sylamaýandygyny aýtdy. Bu ylalaşyk geçen hepde güýje giripdi, emma Siriýada zorlukly wakalaryň dowam edýändigi aýdylýar.

Ban Howpsuzlyk geňeşiniň BMG-niň Siriýada gözegçilik etjek 300 adamlyk missiýasyny haýal etmän tassyklamagyny maslahat berdi.

Siriýanyň daşary işler ministri Walid al-Mualem 250-den kän synçynyň biraz köpräk bolýandygyny belledi.
XS
SM
MD
LG