Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Gurluşyk baradaky täze kanun täzelik getirermi?


Aşyrguly Baýryýew: "Kredit banklaryndan karz-kredit alýanlar puluň belli bir möçberini bankyň resmilerine goýup gaýtmaly diýip, köplenç zeýrenýärler."
Aşyrguly Baýryýew: "Kredit banklaryndan karz-kredit alýanlar puluň belli bir möçberini bankyň resmilerine goýup gaýtmaly diýip, köplenç zeýrenýärler."
31-nji martda Türkmenistanyň prezidenti “Ýaşaýyş jaýlaryň hem gozgalmaýan emläge degişli başga obýektleriň gurluşygy” hakyndaky kanuna gol çekdi. Bu kanun şu ýylyň 1-nji oktýabryndan güýje girmeli. Türkmenistanda ilkinji gezek kabul edilýän bu kanun ýaşaýyş jaýsyz kösenýan adamlaryň kynçylyklaryny çözmäge ýardam edermi?

Ýewropanyň ösen ýurtlarynda paýly gurluşyklara gatnaşýan adamlar entek gurulmadyk jaýy satyn almak bilen, jaýy onuň bazar nyrhyndan 10-20% arzan satyn alýarlar. Bu kanun Türkmenistanyň ilatyna-da şeýle mümkinçiliklere ýol açarmy? Şu kanun bilen bagly Azatlyk Radiosy türkmenistanly žurnalist, kanunçylyk meseleleri bilen ýakyndan gyzyklanýan Aşyrguly Baýryýew bilen söhbetdeş boldy.

Azatlyk Radiosy: Siziň pikiriňizçe, “Ýaşaýyş jaýlaryň hem gozgalmaýan emläge degişli başga obýektleriň gurluşygy” baradaky kanun jaýa mätäç maşgalalaryň kynçylyklaryny çözmäge ýardam berermi?

Aşyrguly Baýryýew: Şeýle kanunyň kabul edilmegini gutlamak gerek. Dogrudanam, bu ýaşaýyş jaýa mätäçlik çekýän raýatlaryň hajatlaryny kanagatlandyrmakda gowy goltgy berip biljek kanun. Täze kanun boýunça bu meselede raýatlaryň özlerine köp mümkinçilikler berilýär. Ýagny, raýatlaryň özleri ýaşaýyş jaýy gurjak firmany saýlap alýarlar. Täze kanun şu meseledäki ähli düzgünleri kadalaşdyrýar, ähli meseleleri, problemalary çözmäge gönükdirilen.

Azatlyk Radiosy: Kanunda gurujynyň öňünde nähili talaplar goýulýar? Mysal üçin, Gazagystanyň kanunynda paýly gurluşygy amala aşyrmak isleýän kompaniýanyň gurluşyk pudagynda iş tejribesiniň bolmagy talap edilýär. Türkmenistanyň kanunynda paýly gurluşygy alyp barmak isleýän edaralardan näme talap edilýär?

Aşyrguly Baýryýew: Guruja bildirilýän birnäçe hökmany talaplar bar. Bu ýagdaý kanunyň 9-njy maddasynda kesgitlenen. Paýly gurluşygy amala aşyrmak üçin gurujynyň Türkmenistanyň Ministrler Kabineti tarapyndan kesgitlenilýän hususy maýasy bolmalydyr. Birinji talap edilýän zat şol.

Onsoň, ýyllyk maliýe hasabatlarynyň auditiniň geçirilmegi talap edilýär. Şeýle hem, gurluşygy alyp barjak kompaniýa ygtyýar berilmegi üçin, bu kompaniýada geçirilen maliýe-audit barlaglarynyň netijeleri degişli edaralara tabşyrylmaly. Kanunyň 17-nji maddasynyň 2-nji bendinde bellenilen möhletde gurluşygyň taslama beýannamasy metbugatda ýerleşdirilmeli.

Azatlyk Radiosy: Türkmenistanda şu talaplary ýerine ýetirip bilýäýjek hususy kompaniýa ýa firma ýa edara barmy?

Aşyrguly Baýryýew: Soňky iki ýylyň dowamynda bizde bir topar gurluşyk guramalary döredildi. Ýöne olaryň tehnologik, tehniki mümkinçilikleri, gurluşyk kuwwaty döwrüň talabyna laýyk gelmeýär. Sebäbi olary döreden adamlaryň köpüsinde uly maýa ýok.

Azatlyk Radiosy: Paýly gurluşygyň özi ilki bilen belli bir möçberde paýdarlardan serişde toplap, soňra gurluşyga başlamaklygy göz öňünde tutýar. Şu şertlerde türkmen gurluşyk kompaniýalary işläp bilermi?

Aşyrguly Baýryýew: Dogrudanam, bu kanun boýunça ýaşaýyş jaýlarynyň we başga obýektleriň paýly gurluşygy paýçylaryň serişdeleriniň hasabyna alnyp barylmaly. Diýmek, paýçylar doly tölenmeli puluň, ýagny gurluşygyň bahasynyň belli bir prosentini öňünden geçirmeli.

Şeýlelikde, şol firmalarda eýýäm belli bir derejede pul serişdeleri, ýagny maýa boljak. Şonuň üçin-de, olar azda-kände iş alyp baryp biljekler. Ýöne şolar ýaly gurluşyklara başdan pul bermäge, mysal üçin, 20-30 müň dollar ýa 50 müň dollar pul tölemäge biziň raýatlarymyzyň köpüsiniň gurby çatmaýar.

Azatlyk Radiosy: Çehiýanyň tejribesine göz aýlasak, paýly gurluşyklara gatnaşýan raýatlar banklardan jaý kreditini alyp bilýärler. Türkmenistanda şu ýagadaý nähili?

Aşyrguly Baýryýew: Türkmenistanda-da şol kredit bermek barada, aýratyn hem şu jaý gurjak bolýanlara kredit bermek barada düzgünler, görkezmeler bar. Ýöne ol hemişe düzgün boýunça işläp duranok.

Çehiýadaky tejribe – gowy tejribe. Bizdäki banklarda-da korrupsiýa aradan aýryylsa, gowy bolardy. Sebäbi, şol banklardan karz-kredit alýanlar puluň belli bir möçberini bankyň resmilerine goýup gaýtmaly diýip, köplenç zeýrenýärler. Gelejekde, raýatlaryň özleriniň hem şu zatlar bilen gyzyklanmaklary gerek.

Azatlyk Radiosy: Beýleki ýurtlarda paýly gurluşygy amala aşyrýan firmalar ilki bilen ýeri satyn alýarlar, soňra guruljak jaýyň proýektini taýýarlap, ýaşaýjylara hödürleýärler. Türkmenistanyň kanunyna görä bolsa, ýer ýuridiki firmalara hususy eýeçilige berilmeýär, ýer diňe kärendä berilýär. Täze kanuny işletmek üçin, 1-nji oktýabra çenli ýer baradaky kanuna-da üýtgetme giriziler diýip pikir edýärsiňizmi?

Aşyrguly Baýryýew: Şu kanunyň 30-njy maddasynyň 2-nji bendinde bellenilişine görä, Türkmenistanyň kadalaşdyryjy hukuknamalarynyň şu kanunyň güýje girýän gününe çenli oňa laýyk getirilmelidigi aýdylýar. Şu bent umyt döredýär. Belki-de, şol talap ýerine ýetiriler diýip pikir edýärin.
XS
SM
MD
LG