Sepleriň elýeterliligi

“Meniň balam seniň balaň dälmidir?..”


Terbiýeçi Gülsene: "Remont üçin hökümet tarapyndan hiç hili pul serişdesem, beýleki serişdelerem berilmeýär".

Terbiýeçi Gülsene: "Remont üçin hökümet tarapyndan hiç hili pul serişdesem, beýleki serişdelerem berilmeýär".

Raýatlardan gowuşýan maglumatlarda Türkmenistanyň käbir mekdepdir çagalar baglarynda her ýylky geçirilýän remont işleri üçin ene-atalardan pul ýygnalýandygy aýdylýar. Azatlyk Radiosy Lebap welaýatyndaky ýerli çagalar baglaryndan biriniň terbiýeçisi Gülsene bilen söhbetdeş bolup, bu ýagdaý bilen ýakyndan gyzyklandy.

Azatlyk Radiosy: Siziň işleýän çagalar bagyňyzda remont işleri näderejede ýygy-ýygydan geçirilýär? Şol remont işlerine döwlet tarapyndan berilýän kömek barmy?

Gülsene: Çagalar bagynda ýylda bir gezek remont geçirilýär. Ol remont işleri terbiýeçiler hem-de terbiýeçileriň kömekçileri arkaly geçirilýär. Ýöne remont üçin hökümet tarapyndan hiç hili pul serişdesem, beýleki serişdelerem berilmeýär.

Azatlyk Radiosy: Geçen ýylky remont işlerini geçirmäge-de döwlet tarapyndan ýardam berilmedimi?

Terbiýeçi Gülsene: "Biz öz elimiz bilen remont geçirýäs. Şonuň üçinem, bu remont işleri ýüzleý geçirilýär".

Terbiýeçi Gülsene: "Biz öz elimiz bilen remont geçirýäs. Şonuň üçinem, bu remont işleri ýüzleý geçirilýär".

Gülsene: Geçen ýyl soňky ýyllaryň dowamynda ilkinji gezek 15 guty reňk berildi. Ýöne muny-da biziň müdirimiz nirädir ýok edip, çagalar bagyna sarp etmedi. Biz ol reňkleri görmedik, diňe gelendigini eşitdik.

Azatlyk Radiosy: Remont etmek üçin ýörite ussaçylyk gerek. Remont işlerini özüňiz edýärsiňizmi ýa-da ussalary çagyrýarsyňyzmy?

Gülsene: Biz diňe terbiýeçiler. Dogry aýdýaňyz, ýörite ussalar gerek bolsa-da, biz öz elimiz bilen geçirýäs. Şonuň üçinem, bu remont işleri ýüzleý geçirilýär. Onuň netijesem gowy bolmaýar.

Azatlyk Radiosy: Geçen ýyl siziň işleýän çagalar bagyňyzda remont işleri nähili geçirildi?

Gülsene: Geçen ýyl biziň çagalar bagymyzda remonr geçirilende, her bir çaganyň hossaryndan 10 manatdan pul ýygnaldy. Berip bilen maşgalalar berdiler, arasynda käbir bermediklerem boldy. Terbiýeçilerimiz hem-de olaryň kömekçileri aýlyk hakyndan 20-30 manat aralygynda goşup, remont etdiler. Mekdeplerde-de edil şeýle ýagdaý: okuwçylardan pul ýygnap, remont işlerini geçirdiler.

Azatlyk Radiosy: Siz mekdeplerdäki ýagdaýy nireden bilýärsiňiz ýa ol ýerde-de okaýan çagalaryyňyz barmy?

Gülsene: Mekdepdäki ýagdaýy bilýänimiň sebäbi, meniň oglum bilen gyzym mekdepde okaýar. Olaryň her haýsyndan 30 manatdan pul soradylar.
Maşgalamda ýeke özüm işleýändigim üçin, men 60 manady berip bilmedim.

Soňra çagalarymyň mugallymy “sen linoleuma pul bermediň, indi synp otagyna gireniňde, linoleumyň üstünden ýöreme, uçup geç” diýip, olary kemsidipdir. Beýleki okuwçylaram olaryň üstünden gülüpdirler. Şondan bäri bir ýyl geçse-de, şu çaka çenlem olaryň remonta pul bermänligini ýatladyp durýarlar. Olary her hili ýol bilen kemsidýärler.

Azatlyk Radiosy: Mekdeplerde, adatça, ýene näme üçin pul ýygnalýar?

Gülsene: Çagalardan el ýuwmak serişdeleri, polotensa üçin, gap-gaçlar, bäsleşiklere geýmäge dürli hili egin-eşikler üçin pul ýygnalýar. Bu ýerde diňe çagalardan pul ýygnalýar diýmek nädogry bolar, sebäbi işgärlerem öz aýlygyndan her aýlykda dürli zatlar üçin tölemeli bolýarlar. Olaram öz çagalarynyň toparyndaky oýnajak oýnawaçlaryna çenli, sapakda görkeziljek görkezme esbaplaryna çenli satyn almaly bolýarlar

Mundan başga-da, diş pastasy diýýär, sübse diýýär – gerekmi-bigerekmi, hiç bir soragsyz aýlyk hakyndan alyp galyp, şeýle zatlar paýlanylýar. Nesip bolsa, şu ýyl remont işleri üçin hökümet tarapyndan pul ýa-da beýleki serişdeler iberiler diýip umyt edýäris.

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG