Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Çaga at dakmak sungaty


"Gadymy ata-babalarymyz çaga edermenlik görkezinçä, oňa at dakmandyrlar. Bu düzgün ýörgünli bolan şol döwürde her bir adam ukybyna, edermenligine görä özüne mynasyp ada eýe bolupdyr".
"Gadymy ata-babalarymyz çaga edermenlik görkezinçä, oňa at dakmandyrlar. Bu düzgün ýörgünli bolan şol döwürde her bir adam ukybyna, edermenligine görä özüne mynasyp ada eýe bolupdyr".
Ene-atanyň perzentleriniň öňündäki üç borjunyň biri – öz çagalaryna mynasyp at dakmakdyr. Aslynda çaga at dakmak ýönekeý bir iş däl. Ata-babalarymyz çaga dakylan at onuň ykbalyna täsir edýär diýen ynanja uýupdyrlar.

Gündogarda Muhammet pygamberiň adyny hormatlap, ogul çagalara Muhammet adyny dakmaklyk örän ýörgünli. Bu ady göteren Muhammet Horezmi matematika ylmynda uly işler edip ýetişipdir, ol häzirki döwürde-de tanymal alym hökmünde tanalýar. Muhammet Faraby hem “Gündogaryň Aristoteli” diýen ada eýe bolan beýik alym, filosofdyr. Muhammet Gazaly dünýä belli meşhur alym, pir hökmünde tanalýar we ş.m.

Meşhur alymymyz Ahmet Bekmyradowyň ýazmagyna görä, amerikan indeýlerinde “Adamy ady goraýar” diýen pähim bolupdyr. Hindi akyldarlary özlerine şägirt alanlarynda, adamyň adyny hem seljeripdirler. Olaryň arasynda “Sen adyňy aýt, men seniň kimdigiňi aýdaýyn” diýen pähim hem ýörgünli eken.

Türkmenler hem “adyňa eýe bol”, “adyňa gurban” diýen jümleleri köp ulanýarlar. Bu bolsa türkmenleriň çaga at dakmak meselesine ýönekeý zat hökmünde garamaýandygynyň nyşanydyr.

Taryhda bolan at däpleri

Gadymy ata-babalarymyz çaga edermenlik görkezinçä, oňa at dakmandyrlar. Bu düzgün ýörgünli bolan şol döwürde her bir adam ukybyna, edermenligine görä özüne mynasyp ada eýe bolupdyr. Munuň şeýledigine “Oguznama” we “Gorkut Ata“ ýaly eposlarymyzy okan her bir adam göz ýetirip biler.

Seýregem bolsa, yrym edip, köne düşünjelere eýerip, çagalaryna gelşiksiz atlary dakýan adamlara-da duş gelmek bolýar. Çagasy durmaýan käbir maşgalalar Eşekguly, Italmaz, Satybaldy ýaly atlary dakýarlar.Ýöne gödek at dakylan çagalar ulalansoň, kähalatda, öz atlaryndan utanyp, ýüzlerini gyzartmaly bolýan halatlary-da bolýar.

Il içinde bar bolan rowaýata görä, bir gezek Äraly işanyň ýanyna bir baý adam gelip, özüniň oglunyň bihepbeliginden zeýrenipdir. Ähli zada paýhasly çemeleşýän Äraly işan ol baýdan bihepbe oglunuň adyny sorapdyr. Ol baý oglunyň adynyň Eşekgulydygyny aýdypdyr welin, Äraly işan oňa: “Sen gül ýaly çagaňa Eşekguly adyny dakyp, ondan gowy zada garaşýamyň?! Derrew ogluň adyny üýtget-de, sadaka ber. Yrym bilen at dakmaga endik edinme” diýip, maslahat beripdir.

Türkmenlerde ogul döwletiň başy hasaplanyp, gyzy köpräk bolsa, olara “ogul” adyny ýanaşdyryp at dakmak endigi-de henize bu güne çenli saklanyp galypdyr. Ogulnabat, Ogulşirin, Oguljeren ýaly atlar hut şular ýaly tendensiýalara mysal bolup biler.

Ene-atanyň jogapkärçiligi

Türkmende Bezirgen, Rüstem, Görogly ýaly atlar agyr atlar hasaplanylýar. Meniň ýadymda, obamyzda sylanýan Meret aga iň kiçi ogluna Rüstem adyny dakypdy, ýöne bu çaga örän çyrçykly boldy. Şonda köneden habarly pähimdar adamlar Meret aga çaganyň adyny üýtgetmegi teklip edipdiler. Şondan soň Rüstemiň adynyň gapdalyndan oňa Myrat adyny goşupdylar. Il içinde şeýle mysallaram az däl.

Seýregem bolsa, syýasy matlap bilen çagalaryna Marks, Lenin, Gurbansoltan ýaly atlary dakan, dakýan adamlaram bar. Ýöne diktatura syýasaty wagtlaýyn häsiýete eýe bolansoň, çagalara beýle atlary dakmaklygyň näderejede ýerliklidigi sorag döredýär. Sebäbi, edil häzir özüniň Marks adyndan utanyp ýören adamyň, merhum diktatoryň ejesiniň ady diýlip dakylan Gurbansoltan adyndan utanyp ýören gyzyň bardygyna biz şaýat.

Şol sebäpden, käbir maşgalalarda, tire-taýpalarda ýaşulular bilen geňeş edilip, täze doglan çaga oňat, owadan at dakmak däpleri-de saklanyp galypdyr. Sebäbi perzende at dakmak ýönekeý bir iş bolman, her bir ene-atanyň çaganyň öňündäki mukaddes borjy hasaplanylýar.
XS
SM
MD
LG