Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Gazagystanly žurnaliste ölüm howply hüjüm edildi


Gazagystanly žurnalist Lukpan Ahmedýarow Ural şäherinde gurnalan demonstrasiýada çykyş edýär. Ural, 24-nji mart, 2012.
Gazagystanly žurnalist Lukpan Ahmedýarow Ural şäherinde gurnalan demonstrasiýada çykyş edýär. Ural, 24-nji mart, 2012.
Gazagystanyň “Uralskaýa nedelýa” gazetiniň žurnalisti Lukpan Ahmedýarow penşenbe güni agşamlyk rehimsizlik bilen ýenjilenden soň, agyr ýagdaýda keselhana düşdi.

Ural şäherinde ýaşaýan žurnalist Lukpan Ahmedýarowa 19-njy aprelde öýüniň ýanynda hüjüm edildi. Şaýatlaryň gürrüň bermegine görä, Ahmedýarowyň üstüne bäş adam topulypdyr. Olar žurnalisti rehimsizlik bilen ýenjipdirler, pyçaklapdyrlar, üstesine-de, ony pnewmatiki ýarag bilen atypdyrlar.

“Uralskaýa nedelýa” gazetiniň baş redaktory Tamara Eslýamowanyň aýtmagyna görä, soňky hepdeleriň dowamynda Ahmedýarowa we onuň maşgala agzalaryna haýbat atylypdyr.

Näme sebäp bolup biler?

Žurnalisti Lukpan Ahmedýarow ençeme demonstrasiýalary gurnap, olarda hökümete garşy çykyş edipdi. Ol geçen ýylyň dekabrynda Žanaözen şäherinde azyndan 16 protestçiniň öldürilmegini hem tankytlapdy.

Pyçaklanan we agyr ýenjilen Lukpan Ahmedýarowy lukmanlar keselhana alyp barýarlar. Ural, 19-njy aprel, 2012.
Pyçaklanan we agyr ýenjilen Lukpan Ahmedýarowy lukmanlar keselhana alyp barýarlar. Ural, 19-njy aprel, 2012.
Bu wakalaryň fonunda ol 7-nji martda polisiýa tarapyndan bir günüň dowamynda üç gezek saklanypdy. Žurnalistleri goramak boýunça düýbi Nýu-Ýorkda ýerleşýän Komitet Gazagystanyň häkimiýetlerini bu hüjümi derňemäge çagyrdy.

Tamara Eslýamowanyň aýtmagyna görä, Ahmedýarowa keselhanada operasiýa edilipdir. Eslýamowanyň sözlerine laýyklykda, Gazagystanyň Milli howpsuzlyk komitetiniň agzalary žurnalist Lukpan Ahmedýarowyň aýalyna onuň äri köpçülikleýin ýygnanyşyklary gurnamagyny bes etmese, onda onuň kynçylyklara uçrap biljekdigini duýdurypdyrlar.

Gazagystanyň Ural şäheriniň polisiýa bölüminiň resmisi Kuat Duisengaliýewiň aýtmagyna görä, žurnaliste “iki huliganyň” hüjüm edendigi bilen bagly derňew işi ýola goýlupdyr. Ol mundan başga maglumat bermekden ýüz öwürdi.

Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasy žurnalist Ahmedýarowa edilen hüjümi ýazgaryp, muny “hopukdyryjy” hadysa diýip atlandyrdy. ÝHHG-niň media azatlygy boýunça wekili Dunýa Miýatowiç hüjümiň Ahmedýarowyň žurnalistik işi bilen baglydygyny ýa-da däldigini anyklamagyň zerurdygyny nygtady.
XS
SM
MD
LG