Sepleriň elýeterliligi

Aşgabatda teatr sungatynyň halkara festiwaly geçdi


"Bu halkara festiwalyndaky çykyşlar, esasan, şowhun-şagalaňly, aýdym-sazly we tansly sahna çykyşlary boldy".

"Bu halkara festiwalyndaky çykyşlar, esasan, şowhun-şagalaňly, aýdym-sazly we tansly sahna çykyşlary boldy".

13-15-nji aprel aralygynda Aşgabatda “Bagtyýarlyk döwrüniň teatr sungaty” atly halkara festiwaly geçirildi. Türkmenistanyň resmi habar çeşmeleriniň maglumatyna görä, festiwala dünýäniň 11 döwletinden dürli teatr toparlary hem teatr tankytçylary gatnaşypdyr. Şol sanda, Türkmenistanyň merkezdäki teatr toparlary, “Owaz” estrada ansambly, “Galkynyş” hem “Serpaý” ýaly aýdym-saz kollektiwleri çykyş edipdirler.

Bu festiwala gatnaşyjylaryň dürli ýaşdaky tomaşaçylary nazara alandygyny aýtmak gerek. Sudanyň döredijilik topary halk döredijiligi äheňlerinde çykyş eden bolsa, ABŞ-dan gelen topar “Öz ýurdunyň jadygöýi” atly mýuzik görkezipdir.

Teatr toparlarynyň hatarynda Russyýa Federasiýasyndan hem Gazagystandan gelen gurjak teatrlary-da bolupdyr. Umumy aýdylanda, Gyrgyzystanyň Jalalabat şäheriniň Barpy adyndaky drama teatrynyň getiren “Ak gämi” spektaklyny göz öňünde tutmasaň, beýleki çykyşlar esasan şowhun-şagalaňly, aýdym-sazly we tansly sahna çykyşlary bolupdyr.

Beýleki uly konkurslardan tapawutlylykda, oýunlaryň ählisi döwlet hasabyna, ýagny tomaşaçylara mugt görkezilipdir. Festiwalda tomaşaçynyň islegi ýa-da höwesi nazara alynmandyr. Şeýle-de bolsa, festiwala gatnaşan toparlaryň ählisine diplomlar gowşurylypdyr we ýadygärlik sowgatlar berlipdir. Olaram, öz gezeginde, Aşgabat teatr festiwalyndan diýseň hoşal bolandyklaryny aýdýarlar.

Şu waka baradaky giňişiräk maglumaty diňlemek üçin, şu ýere basyň:

XS
SM
MD
LG