Sepleriň elýeterliligi

Bahreinde “Formula-1” ýaryşynyň öňýanynda protestler dowam edýär


Şu hepdäniň ahyrynda Bahreinde geçiriljek maşyn sürmek boýunça “Formula-1” ýaryşynyň öňýanynda ýurtda protestler dowam edýär.

Anna güni paýtagt Manamada ýüzlerçe adam hökümete garşy protest geçirmäge synanyşanda, polisiýa olara garşylyk görkezdi. Proteste çykanlar Britaniýanyň ilçihanasynyň golaýyndaky gara ýoly baglamaga synanyşanlarynda, polisiýa olara garlşy göz ýaşardyjy gaz ulandy.

Şol bir wagtyň özünde, maşyn sürmek boýunça “Formula-1” ýaryşyna gatnaşýan “Force India” toparynyň bir agzasy içi ýangyçly çüýşe zyňlanda, ýaralandy.

Maşyn sürmek boýunça “Formula-1” ýaryşyny gurnaýjylar bu protestleri tankytlaýarlar.
XS
SM
MD
LG