Sepleriň elýeterliligi

Türkmenistanda amerikan kompaniýalarynyň ikinji sergisi gurnalar


Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Aşgabatdaky ilçihanasynyň maglumatyna görä, ilçihana 3-5-nji maý aralygynda Türkmenistanyň söwda-senagat edarasy bilen bilelikde Türkmenistandaky amerikan kompaniýalarynyň ikinji sergisi gurnalar.

Bu sergide amerikan önümleri, hyzmatlary görkeziler we amerikan kompaniýalary Türkmenistanyň bazary bilen tanyşdyrylar.

Oňa ABŞ-dan, Ýewropadan we Merkezi Aziýadan amerikan kompaniýalarynyň wekilleri gatnaşmaga çagyryldy. Bu sergä Türkmenistanyň we Birleşen Ştatlaryň hökümet işgärleri hem gatnaşar.
XS
SM
MD
LG