Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Berdimuhamedow Pakistanyň daşary işler ministri bilen duşuşdy


19-njy aprelde prezident Gurbanguly Berdimuhamedow Pakistanyň daşary işler ministri Hina Rabbany Khary kabul etdi. Hanym Khar öz ýurdunyň ýörite delegasiýasyna ýolbaşçylyk edýär.

Prezidentiň metbugat gullugynyň maglumatyna görä, Berdimuhamedow we Hina Khar döwletara hyzmatdaşlygynyň dürli ugurlary, şol sanda, türkmen elektrik toguny Owganystan arkaly Pakistana eksport etmegiň ýollary barada-da gürrüň etdiler.

Şonuň ýaly-da, olar “Trans-owgan” gaz geçirijisiniň taslamasy barada hem maslahat etdiler.

Hina Kharyň ýolbaşçylyk edýän delegasiýasy türkmen-pakistan hökümetara komissiýasynyň nobatdaky maslahatyna gatnaşmak üçin Aşgabada bardy.
XS
SM
MD
LG