Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Mekdepleriň remontyna puly kim bermeli?


"Eýsem, kanunda göz öňünde tutulmadyk bu işe mekdep direktorlary, magaryf ugrunyň ýolbaşçylary günäkärmi ýa çagalaryň hossarlary?"
"Eýsem, kanunda göz öňünde tutulmadyk bu işe mekdep direktorlary, magaryf ugrunyň ýolbaşçylary günäkärmi ýa çagalaryň hossarlary?"
Türkmenistanda häkimiýet çalşansoň geçirilen uly çäreleriň biri-de mekdepleriň 10 ýyllyga öwrülmegi, ýokary mekdeplerde okuw möhletinin öňki derejesine ýetirilmegi boldy.

Ýurduň dürli regionlarynda täze mekdepleriň, çagalar baglarynyň gurlup, ulanmaga berilýändigi, olaryň dünýä standartlaryna laýyk tehniki taýdan enjamlaşdyrylýandygy barada maglumatlar türkmen metbugatynda yzygiderli çap edilýär. Birinji klas okuwçylaryna mugt kompýuter berilmegi-de Türkmenistanyň bilim sistemasynda uly täzelikleriň biri hökmünde teswirlenýär.

Şol bir wagtda-da, mekdepleri, çagalar baglaryny remont etmek ýüküniň çagalaryň hossarlarynyň hem mugallymlarynyň, terbiýeçileriň gerdenine düşýändigi, olardan bu iş üçin ýylyň-ýylyna pul ýygnalýandygy , bu işiň häzirem dowam edýändigi Türkmenistandan gowuşýan maglumatlarda habar berilýär.

Kanunda göz öňünde tutulmadyk bu işe mekdep direktorlary, magaryf ugrunyň ýolbaşçylary günäkärmi ýa çagalaryň hossarlary? Döwlet mekdepleriň we bakjalaryň rejeleýiş işleri üçin serişde goberýärmi? Bu problemany çözmegiň nähili ýollary bar?

Şu temadan taýýarlanan Tegelek Stol gepleşigini diňlemek üçin, şu ýere basyň:

please wait

No media source currently available

0:00 0:24:00 0:00
Ýükle
XS
SM
MD
LG