Sepleriň elýeterliligi

Pakistan uçar heläkçiliginde 127 ýolagçynyň hemmesiniň ýogalandygyny aýdýar


Pakistanyň hassahana we awiasiýa resmileri anna güni Yslamabadyň golaýynda bolan uçar heläkçiliginde aman galanyň ýokdugyny aýdýarlar.

Graždan awiasiýasynyň resmisi Bhoja Howa ýollarynyň Boing 737 uçaryndaky 127 ýolagçynyň ählisiniň wepat bolandygyny aýtdy.

Pakistanyň içeri işler ministri Rehman Malik Bhoja Howa ýollarynyň eýesi Faruk Bhojanyň Pakistandan çykarylmasyz adamlaryň sanawyna goşulandygyny aýtdy.

Ýykylan uçar günortadaky Karaçi şäherinden Yslamabada gelýärdi. Ol Benazir Bhuttor halkara aýeroportuna birnäçe km galanda, ýaramaz howada aşak gaýtdy.
XS
SM
MD
LG