Sepleriň elýeterliligi

BMG-niň Howpsuzlyk geňeşi Siriýa synçy ibermegi sese goýýar


BMG-niň Howpsuzlyk geňeşiniň şu gün Siriýa 300 çemesi synçy ibermek baradaky rezolýusiýany sese goýmagyna garaşylýar.

Bu synçylar BMG-niň we Arap ligasynyň ýörite wekili Kofi Annanyň araçyllygynda gazanylan atyşygy kesmek ylalaşygynyň berjaý edilişine gözegçilik etmeli.

Orsýetiň BMG-däki ilçisi Witaliý Çurkin bu kararyň ertir kabul edilmegine garaşýandygyny aýtdy. Orsýetiň we Ýewropa ýurtlarynyň tabşyran basdaş teklipleri anna güni geçirilen gepleşiklerde biri-birine goşuldy.

BMG eýýäm Siriýa kiçiräk bir kämilleşdirilen topar iberdi. Şularalykda, anna güni siriýaly aktiwistler ýurtda juma namazyndan soň müňlerçe adamyň köçelere çykandygyny aýtdylar.

Daraa, Damask, Homs, Hama, Idlib, Aleppo, Deýr Ezzor we Latakia şäherlerinde protest geçirildi. Döwlet eýeçiligindäki metbugat ýol ýakalarynda bolan partlamalarda we beýleki hadysalarda hopsuzlyk gullugynyň 18 işgäriniň wepat bolandygyny aýtdy.
XS
SM
MD
LG