Sepleriň elýeterliligi

Kabulyň howpsuzlyk gullugy 10 tonna partalaýjyly pitneçileri tutdy


Owgan howpsuzlyk güýçleri Kabulda bäş sany pitneçini tutdular, olaryň ýanynda 10 müň kg partlaýjy madda bar eken.

Pitneçileriň üçüsiniň pakistanlydygy, ikisiniň bolsa owganystanlydygy aýdylýar.

Milli Howpsuzlyk müdirliginiň sözçüsi Şafikulla Tahiri Kabulda guralan metbugat ýygnagynda çykyp gürläp, ol adamlaryň bu partlaýjylary paýtagtyň mähelleli ýerlerinde ulanmakçy bolandygyny aýtdy.

“Eger 7 million ilatly şäherde 10 tonna partlaýjy ýarylsa, nämeler bolardy?” diýip, Tahiri aýtdy.

Partlaýjylar 400 halta salnyp şäheriň çetinde, kartoşka ýükli maşynyň nowasynda gizlenipdir.
XS
SM
MD
LG