Sepleriň elýeterliligi

Günorta Sudan Sudanyň Heglig nebit ýatagyndan çekilýändigini aýdýar


Günorta Sudanyň goşunlary, iki ýurduň arasynda uruş turmak ähtimallygy güýçlenensoň, Sudanyň esasy nebit ýatagy Hegligden çekilmegini dowam etdirýär.

Günorta Sudanyň maglumat ministri Barnaba Marial Benýamin Jubada žurnalistlere "biziň goşunlarmyz häzirem yzyna çykarylýar, bu üç gün alar" diýdi.

Ol goşuny yzyna çekmegiň BMG-niň Howpsuzlyk geňeşiniň we Afrika Bileleşiginiň çagyryşyna jogapdygyny aýtdy.

Sudan bilen Günorta Sudanyň arasyndaky serhet çaknyşyklary geçen hepde, Günorta Sudana howa zarbalarynyň urlup başlanmagy, Jubanyň 10-njy aprelde Heglig nebit ýatagyny basyp almagy bilen tutaşdy.
XS
SM
MD
LG