Sepleriň elýeterliligi

Gazagystanyň “Ural hepdeligi” gazetiniň žurnalisti özüne geldi


Gazagystanyň “Ural hepdeligi” gazetiniň žurnalisti Lukpan Ahmedýarowyň özüne gelendigi aýdylýar.

Ol bäş sany näbelli adam tarapyndan erbet urlup we pyçaklanyp, hassahana düşüpdi.

Gazagystanyň “Teňrinýus” habar gullugy hassahananyň lukmany Jumabek Şaýhyýewe salgylanyp, Ahmedýarowyň özüne gelendigini we tebigy ýagdaýda dem alýandygyny aýdýar.

Lukpan Ahmedýarowa 19-njy aprelde hüjüm edilipdi.

Ahmedýarowyň kärdeşleri oňa edilen hüjümi žurnalistiň professional işi we graždan aktiwligi bilen baglanyşdyrýarlar.

Halkara hukuk toparlary gazak häkimiýetlerini bu iş boýunça obýektiw derňew geçirmäge çagyrýar.
XS
SM
MD
LG