Sepleriň elýeterliligi

Amur oblastynyň Tygda obasynda öýi ýananlara kömek edilýär


Orsýetiň Adatdan daşary ýagdaýlar ministrligi Amur oblastynyň Tygda posýologynda güýçli ýangyndan ejir çekenlere kömege baryp, öýünden mahrum bolan adamlara gyzgyn nahar bermek üçin meýdan aşhanalaryny gurnady.

Anna güni Tygda obasynda bolan ýangynda ýaşaýyş jaýlarynyň 47-si we beýleki binalaryň onlarçasy weýran boldy.

Ýangynda iki adam ölüp, 120 adam, şol sanda 28 çaga öý-öwzarsyz galdy.
XS
SM
MD
LG