Sepleriň elýeterliligi

Sary deňizde bilelikdäki türgenleşik okuwy geçiriler


Orsýetiň raketa kreýseri “Warýag” şu gün Hytaýyň Sindao şäheriniň portuna bardy.

Basym bu ýere Orsýetiň “Admiral Winogradow”, “Marşal Şapoşnikow” we “Admiral Tribus” gämileri hem gelmeli.

Bu gämiler 22-27-nji aprel aralygynda Orsýet bilen Hytaýyň bilelikde geçirjek harby-deňiz okuwlaryna gatnaşar.

Harby türgenleşik okuwy Şanhaý Hyzmatdaşlyk guramasynyň proektleriniň çäginde geçirilýär we oňa Orsýetden başga Gazagystan, Gyrgyzystan, Täjigistan we Özbegistan hem girýär.
XS
SM
MD
LG