Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Fransiýa: “Merkozi” ýaranlygynyň geljegini kesgitlejek saýlaw


Sosial partiýanyň kandidaty Fransua Holland saýlawçylaryň öňünde çykyş edýär. 19-njy aprel, 2012.
Sosial partiýanyň kandidaty Fransua Holland saýlawçylaryň öňünde çykyş edýär. 19-njy aprel, 2012.
Fransiýa ýekşenbe güni, 22-nji aprelde Sosial partiýanyň kandidaty Fransua Hollandyň iş başyndaky prezident Nikolas Sarkoziden üstün çykyp biljegini ýa bilmejegini görkezjek saýlawlaryň birinji tapgyryny geçirýär.

Esasy bäsdeşler

Salyhatly jemgyýetçilik işgäri hökmünde tanalýan Holland bilen iş başyndaky dyzmaç prezident Sarkozi prezidentlik ugrunda bäsleşýän 10 kandidatyň öňüni çekýär.

Ýekşenbe güni boljak saýlawda bularyň hiç biriniň birbada ýeňiş gazanmak üçin zerur bolan 50 prosenti gazanmagyna garaşylmaýar. Emma pikir soraşlyklar Hollandyň 6-njy maýda geçiriljek ikinji tapgyr saýlawlarda Sarkoziden üstün çykmagynyň ahmaldygyny görkezýär.

Syýasat we maliýe synçylary Hollandyň ýeňşi Fransiýadan daşarlaryk hem täsirini ýetirer, sebäbi bu Sarkozi hem German kansleri Angela Merkeliň arasyndaky “Merkozi” diýilýän we soňky ýyllarda Ýewropa syýasatynyň öňüni çeken ýaranlygyň soňlanmagyny getirip biler diýýärler.

Onsoň kontinentiň gowuşgynsyz bir wagtynda Ýewropanyň iň uly iki ykdysadyýetiniň arasyndaky potensial agzalalygyň ýewro pul birliginiň durnuklylygyna mazaly täsir ýetirmegi mümkin.

Holland bilen Merkeliň tapawudy

Holland bilen Merkeliň arasyndaky esasy tapawut olaryň Ýewropanyň Merkezi bankynyň nähili işlemelidigi baradaky pikir-garaýyşlarynda. Holland karz berijini bergi ýükünden ýegşeren ýewrozona hökümetleri üçin soňky instansiýa öwürjek täze düzgünleriň kabul edilmegini isleýär.

Has dogrusy, bu Fransiýanyň Ýewropanyň Merkezi banky babatda 1990-njy ýyllardan bäri yzarlaýan syýasy maksady bolup durýardy. Emma Sarkozi, Ýewropada bergi krizisiniň ýaýbaňlanmagy bilen, bu ýörelgeden yza çekildi we öz pozisiýasyny Merkeliňkä golaýlatdy.

Sarkozi öz saýlaw kampaniýasynyň soňky hepdesinde Fransiýanyň öz defisitini we bergisini azaltamak zerurlygyny nygtady. Şeýle-de ol Hollandyň saýlaw kampaniýasynda 64 müň çemesi mugallymy işe almak barada wada bermegini tankytlap, munuň geleňsiz sowrujylykdygyny ýaňzytdy.

Holland maliýe tygşytlamalaryny ret edýär we baýlara we kompaniýalara salynýan salgydy köpeltmek isleýär. Ol Ýewropanyň bergi krizisiniň entek sowulmandygyny aýdýar.

Ýeňijini kesgitlejek meýdan

Prezidentlik saýlawlaryna gatnaşýan beýleki kandidatlar dürli syýasy ugurlara degişli. Ozalky Troskiçi we Sosial hökümetiň agzasy Žan-Lýuk Melençon aşa çepçilere wekilçilik edýär. Ol özüniň Çepçi front koalisiýasyny döretmek üçin partiýany terk edipdi.

Syýasy meýdanyň beýleki tarapynda Marin Le Peniň Milli fronty dur. Ol aşa sagçy partiýany esaslandyryjy Žan-Mari Le Peniň körpe gyzy. Marin Le Pen öz kampaniýasynda immigrasiýa düzgünlerini has berkitmek we yslamlaşdyrmadan howatyrlanma temalaryny öňe sürdi.

Le Peniň Milli foronty bilen Melençonyň Çepçi frontunyň aralygynda merkezçi Fransua Baýrou dur. Ol bäş ýyl mundan öň geçirilen prezident saýlawlarynyň birinji tapgyrynda sesleriň bäşden birine golaýyny almagy başarypdy.

Synçylar Melençon, Le Pen we Baýrou saýlawlaryň ikinji tapgyryna galyp biler öýtmeýärler. Ýöne olar bu üç syýasatça ses berjek saýlawçylaryň ýeňijini kesgitlemekde aýgytly rol oýnajagyny aýdýarlar.
XS
SM
MD
LG