Sepleriň elýeterliligi

Çehiýada müňlerçe adam hökümete garşy protest geçirýär


Çeh paýtagty Pragada şenbe güni onlarça müň adam hökümetiň reformalaryna we tygşytlylyk çärelerine garşy proteste çykdy.

Profsoýuzlar, pensionerler, student bileleşikleri we beýleki toparlar hökümetiň işden çekilmegine çagyrdylar we irki parlament saýlawlarynyň geçirilmegini talap etdiler.

Premýer ministr Petr Nekas halkyň pikir-garaýşyny aýtmak hukugyna hormat goýýandygyny aýtdy, emma tygşytlylyk çärelerini gorap çykyş etdi.
XS
SM
MD
LG