Sepleriň elýeterliligi

Türkmenistanyň prezidenti ýol gatnawynyň ýagdaýyna nägilelik bildirýär


Türkmenistanyň metbugatynyň maglumatyna görä, Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow Aşgabat şäherinde ýol gatnawynyň ýagdaýy boýunça ministrlerine nägilelik bildiripdir.

Içeri işler ministri Iskender Müllikow ýol gatnawynyň ýagdaýy barada beren hasabatynda raýatlaryň mugt benzin bilen üpjün edilmegi bilen paýtagtyň köçelerinde ýeňil ulaglaryň sanynyň köpelendigini, şeýlelikde ulag heläkçilikleriniň hem köpelendigini aýdypdyr. Ministr şäherde köpçülikleýin transport sistemasyna gyssagly täzeden seredilmegini teklip edipdir.

Maglumata görä, Gurbanguly Berdimuhamedow “ulag heläkçiligini köpeldýän ýol dyknyşygynyň döreýän ýerlerindäki köçeleriň giňeldilmegine” görkezme beripdir.

2008-nji ýylda kabul edilen karara görä, Türkmenistanda ýeňil maşynlaryň eýelerine her ýylda 1440 litr mugt benzin berilýär. Şondan soň paýtagtda sahsy eýeçilikdäki ulaglaryň sany ep-esli artypdyr.
XS
SM
MD
LG