Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

“Formula-1” ýaryşy gidýän Bahreinde ýagdaý dartgynlaşýar


Maşyn sürmek boýunça Formula 1 ýaryşynyň bellenen gününde Bahreinde protest demonstransiýalary dowam edýär.

Bahreiniň paýtagty Manama şäheriniň golaýyndaky şaýylaryň ýaşaýan obasynda bir protestçiniň ölümine sebäp bolan ýörüşleriň möwç almagy ilat arasynda alada döretdi. 36 ýaşly protestçi Salah Abbas Habibiň jesediniň ýekşenbe güni tapylmagy dartgynlygy has hem ýitileşdirdi.

Indi birnäçe gün bäri ýurtda protestçiler bilen polisiýanyň arasynda çaknyşyklar ýüz berýar.

Geçen anna güni on müňlerçe protestçi dissidentlere garşy basyşlary bes etmeklige çagyryş edip ýürüşe çykdylar.

Geçen ýylda Bahreiniň şaýy musulmanlarynyň ýolbaşçylygynda geçirilen demonstrasiýalarda 30 adamyň ölmegi bilen “Gran-pri” baýragyny almak üçin geçirilýän Formula 1 ýaryşy ýatyrylypdy.
XS
SM
MD
LG