Sepleriň elýeterliligi

Ban Ki-mun: "Dünýä has köp azyga, energiýa, suwa we iş orunlaryna mätäç"


Ýekşenbe güni BMG-niň Baş sekretary Ban Ki-mun Ýer togalagynyň güni mynasybetli eden çykyşynda “özümiziň ýeketäk planetamyza we onda ýaşaýan adamzada” hormat goýmak üçin ýylda Ýer togalagynyň gününiň bellenilýändigini aýtdy.

22-nji aprelde bellenilýan dabara mynasybetli ýaýradan beýanatynda Ban Ki-mun geljek 20 ýylyň dowamynda dünýäniň has köp azyga, energiýa, suwa we iş orunlaryna mätäç boljakdygyny aýtdy.

Dürli ýurtlarda Ýer togalagynyň güni köpçülikleýin bag ekmek, şäherlerde elektrik toguny bir sagatlap togtatmak ýaly çäreler bilen bellenilýär.
XS
SM
MD
LG