Sepleriň elýeterliligi

Ukraina: Ýulia Timoşenko Harkowyň hassahanasyna geçirildi


Türme tussaglygyndaky Ukrainanyň ozalky premýer-ministri Ýulia Timoşenkonyň bejergi almak üçin Harkowyň demir ýol hassahanasyna geçirilendigi habar berilýär.

Türme gullukçysynyň aýtmagyna görä, “Timoşenko anna güni agşamlyk hassahana barypdyr. Germaniýanyň lukmanlarynyň çykaran kararyndan soň Timoşenko teklip edilen Harkow şäherindäki hassahanada bejergä başlamak isleginiň bardygyny aýdypdyr.”

Onuň aklawjysy Sergeý Wlasenko Timoşenkonyň hassahana geçmek barada razyçylyk berendigine “berk şübhelenýändigini” AFP habarlar gullugyna aýtdy.

Mundan ozal Timoşenko hassahanada bejergi almaga garşylyk görkezip geldi.

Ýuliýa Timoşenko öz wezipesinden hyýanatçylykly peýdalananlykda aýyplanyp, 2011-nji ýylyň oktýabrynda 7 ýyl türme tussaglygyna höküm edilipdi we häzir täze aýyplama boýunça ol sud edilýär.
XS
SM
MD
LG