Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Belarus: Lukaşenka azatlyga goýberilen syýasy aktiwistleri türmä basjak diýýär


Belarusyň prezidenti Aleksandr Lukaşenka Günbataryň Minske basyş eden ýagdaýynda golaýda azatlyga goýberilen prezidentlige kandidaty we onuň kampaniýasyndaky kömekçisini türmä basjakdygy barada duýduryş etdi.

Ýewropa Bileleşigi birnäçe beloruslynyň bank hasaplaryny doňduranyndan we olara syhahat etmäge çäklendirme girizeninden soň Lukaşenka şu aýyň başynda Andreý Sannikowyň we Dmitriý Bandarenkanyň günäsini geçipdi.

Sannikow we Bandarenka 2010-njy ýylyň dekabrynda geçirilen prezidentlik saýlawlary bilen baglylykda türmä salnypdy. Şol saýlawlarda Lukaşenka dördünji möhlete saýlandy.
XS
SM
MD
LG