Sepleriň elýeterliligi

Timoşenko medisina hyzmatyndan ýüz öwürip, türmä dolandy


Harkow şäheriniň resmileriniň aýtmaklaryna görä, ozalky premýer-ministr Ýulia Timoşenko ýerli klinikada medisina hyzmatyndan ýüz öwürip, ýekşenbe güni türmä dolanypdyr.

Geçen anna güni Timoşenko oňurgasyndaky erbet agyry sebäpli klinika ýerleşdirilipdi, ýöne resmileriň aýtmaklaryna görä, bejergi almakdan “düýbünden” boýun gaçyranlygy sebäpli ol türmä yzyna eltilipdir.

Mundan ozal Timoşenkony barlagdan geçiren günbatarly lukmanlar Ukrainanyň klinikasynda ýerleşdirilen ýagdaýynda özüniň zäherlendirilmeginden ýa-da bilkastlaýyn infeksiýa ýokuşdyrylmagyndan ozalky premýer-ministriň howatyrlanýandygyny aýtdylar.
Timoşenkonyň tarapdarlary onuň hassahana zorluk bilen ýerleşdirilendigini aýdýarlar.
XS
SM
MD
LG