Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Protestlere garamazdan Bahreinde Formula 1 ýaryşy geçirildi


Bir hepde bäri dowam eden protestlere garamazdan, “Gran-pri” almak üçin Bahreinde maşyn sürmek boýunça Formula 1 ýaryşy geçirildi.

Reformalary talap edýän protestçiler ýollary böwetlemeklige synanyşdylar. Kömpýuter hakerleri tarapyndan Forum 1-iň websaýty döwülip, ýaryşyň internetden görkezilmegine päsdgelçilik döredildi. Onuň ýerine internetde Bahreiniň adam hukuklarynyň ýagdaýy barada maglumat ýerleşdirildi.

Ýaraglanan ulaglar we harby wertolýotlar paýtagt Manamada ýerleşdirildi.

Geçen ýylda Bahreiniň şaýy musulmanlarynyň ýolbaşçylygynda geçirilen demonstrasiýalarda 30 adamyň ölmegi bilen Formula 1 ýaryşy ýatyrylypdy.
XS
SM
MD
LG