Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Fransiýa: prezidentlik saýlawlary ikinji tapgyra geçdi


Sosialistlerden kandidat Fransua Olland (çepde) bilen konserwator Nikolýa Sarkozi saýlawlaryň ikinji tapgyryna çykdylar.
Sosialistlerden kandidat Fransua Olland (çepde) bilen konserwator Nikolýa Sarkozi saýlawlaryň ikinji tapgyryna çykdylar.
Fransiýada ýekşenbe güni geçirilen prezidentlik saýlawlarynyň birinji tapgyrynyň netijelerine görä, sosialistlerden kandidat Fransua Olland we konserwator Nikolýa Sarkozi saýlawlaryň ikinji tapgyryna çykar. Saýlawlaryň ikinji tapgyry 6-njy maýda geçer.

Olland sesleriň 28.63%, Sarkozi bolsa 27.03% almagy başardy. Saýlawlaryň birinji tapgyrynda doly ýeňiş gazanmak üçin kandidat 50%-den köp ses almaly.

Saýlawlarda aşa sagçy kandidat Marine Le Pen sesleriň 18.01%-ni alyp, üçünji ýeri eýeledi we garaşylmadyk netije görkezdi. Munuň özi bu Milli front partiýasynyň düýbi tutulaly bäri partiýanyň wekiliniň almagy başyran iň ýokary netijesi boldy.

Aşa çepçi Žan-Lýuk Melenşon we aram syýasatçy Fransua Baýro degişlilikde dördünji we bäşinji orunlary aldylar.

Saýlawlara ses bermäge hukugy bolan ilanyň 80%-niň gatnaşandygy habar berilýär.

Bu gezek birinji tapgyr saýlawlarda Fransua Ollandyň Nikolýa Sarkoziden hem köp ses almagy Fransiýanyň taryhynda 1958-nji ýyldan bäri prezidentlik kürsüsinde oturan häzirki prezidentiň birinji tapgyrda ilkinji gezek garşydaşyndan az ses almasy hökmünde alamatlandy.

22-nji aprelde geçen saýlawlar Fransiýanyň ykdysady görkezjileriniň ýaramazlaşan häzirki döwründe özüniň prezidentlik wezipesini saklamaga synanyşýan Nikolýa Sarkozi üçin synag boldy.

Eger saýlawlaryň ikinji tapgyry hem Sarkozi üçin şowsuz bolsa, onda Fransiýanyň häzirki prezidenti soňky 30 ýylyň dowamynda prezidentligiň ikinji möhletine saýlanyp bilmedik ilkinji adam bolar. Fransua Olland bolsa 1995-nji ýylda prezidentlik wezipesini terk eden Fransua Mitterandan soň bu wezipäni eýelän ilkinji sosialist bolar.

Dalaşgärler beýanat etdiler

Saýlawlardan soň, aýaly Karlo Bruni bilen öz tarapdarlarynyň öňünde eden çykyşynda Nikolýa Sarkozi saýlawlaryň öňýanynda olaryň netijeleri barada edilen çaklamalaryň nädorgy bolandygyny aýtdy: “Bu saýlawlarda ilat geljekki 5 ýyllykda jogapkärçiligi öz üstüne alyp, Fransiýanyň halkyny gorap biljek adamy saýlamaly. Meniň bu ugurda 5 ýyllyk tejribäm bar. Men bu meselelere belet hem öz wezipämi ýerine ýetirmäge taýýar”.

Fransiýanyň Sosial partiýsynyň kandidaty Fransua Olland saýlawlaryň deslapky netijeleri belli bolansoň, öz goldawçylarynyň öňünde eden çykyşynda saýlawlaryň ikinji tapgyrynyň prezident Sarkoziniň hem onuň alyp barýan syýasatynyň “jezalandyrylmagyny” aňlatjakdygyny nygtady.

“Milli front” partiýasy tarapyndan öňe sürlen sagçylaryň kandidaty Marin Le Pen saýlawlardan soň Henin-Beamond şäherinde çykyş edip, bu saýlawlary öz partiýasynyň “ýeňşi” diýip atlandyrdy: “Fransiýadaky göreş indi başlanýar. Hormatly dostlar, indi hiç zat öňküsi ýaly bolmaz. Sebäbi biziň hemmämiz birigip, galp ses berişlige hem ýalana daýanýan sistema, iki pariýanyň monopoliýasyna, banklara hem maliýe guramalaryna garşy bile göreşeris”.

Ýekşenbe güni geçirilen bu saýlawlarda Halkara walýuta fondunyň öňki başlygy Dominik Ştraus-Kan hem ses bermäge gatnaşdy. Oňa geçen ýylyň maý aýynda Nýu-Ýorkda myhmanhana hyzmatçysyny zorlamakda günä bildirilipdi. Bu waka onuň kandidaturasynyň prezidentlik saýlawlaryna teklip edilmegine böwet bolupdy.
XS
SM
MD
LG