Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

“Times” žurnaly owganystanly aýaly meşhur adamlaryň 100-ligine goşdy


Adam hukuklaryny goraýjy owganystanly aktiwist zenan Marýam Durani özüniň “Times” žurnalynyň dünýäniň iň täsirli 100 adamy barada düzen sanawyna goşulmagyna haýran galandygyny aýdýar.

Kandagar şäherinden Marýam Durani özüniň bu sanawa goşulmagyndan soň, Owgansytanda aýal maşgalalaryň duçar bolýan zorluk-sütemlerine ünsüň artjakdygyna umyt bildirdi.

Durani Kandagar şäherinde hususy radiostansiýada gepleşikleri alyp barýar. Bu radioda bilim, aýallaryň hak-hukuklary ýaly meseleler gozgalýar.

Marýam Duraniniň janyna ençeme gezek kast etmek synanyşygy amala aşyrylypdy. Bu synanyşyklar Talyban hereketiniň söweşijileri tarapyndan edilendir diýlip hasaplanylýar.
XS
SM
MD
LG