Sepleriň elýeterliligi

Belarusda ölüm jezasy baradaky filmiň diskleri konfiskasiýa edildi


Duşenbe güni Belarusda resmiler ýurtdaky ölüm jezasy barada taýýarlanan dokumental filmiň nusgalaryny konfiskasiýa etdiler.

Adam hukuklaryny goraýjy aktiwistler Wiktor Sazonowyň we Wladimir Hilmanowiçiň aýtmagyna görä, Wilniýusden dolanyp gelýärkäler, olaryň ulagy Belarus-Litwa serhedinde barlanypdyr.

Olar ýakynda Litwada surata düşürilen dokumental filmiň DVD nusgalarynyň konfiskasiýa edilendigini aýdýarlar. Gümrük resmileri diskleriň ýurduň içine geçirilmezinden ozal ol diskleriň barlanylmalydygyny aýdypdyrlar.
XS
SM
MD
LG