Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Ysraýylyň daşary işler ministri Azerbajýana sapar edýär


Ysraýylyň daşary işler ministri Awigdor Liberman Bakuwa iki günlük sapar edýär. Saparyň dowamynda ýokary derejeli azeri resmileri bilen iki ýurduň özara gatanşyklary maslahat ediler.

Mundan bir aý öň ABŞ-nyň “Foreign Policy” neşirinde Eýrana garşy edilip bilinäýjek harby hüjüm bilen baglylykda Ysraýylyň Azerbaýjanyň aerodromlaryny ulanmaga ygtyýarlyk alandygy barada maglumat peýda bolupdy. Bu habary hem Ysraýyl, hem Azerbaýjan ret etdi.

Şol bir wagtda, Ysraýylyň Azerbaýjana 1.6 milliard dollar möçberinde ýarag satmak boýunça ylalaşyk baglaşandygy baradaky habarlar ýaýransoň, Tähran bilen Bakuwyň gatnaşyklaryna dartgynlylyk aralaşypdy.
XS
SM
MD
LG