Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

ÝB Mýanmara garşy girizen ozalky sanksiýalaryny wagtlaýyn togtatdy


Ýewropa Bileleşginiň daşary işler ministrleri duşenbe güni Luksemburgda duruşuşyp, Bileleşigiň Mýanmara garşy girizen ähli gadagançylyklaryny bir ýyl möhlet bilen duruzmak barada ylalaşdylar. Emma ýarag embargosy öz güýjünde galar.

27 agzaly Ýewropa Bileleşiginiň käbir ministrleri Mýanmara garşy girizilen ähli sanksiýalary ýatyrmaga çagyryş etdiler. Emma Britaniýanyň daşary işler ministri Willýam Heýg ýurtda adam hukuklary boýunça entegem aladalaryň bardygyny aýtdy.

Heýg demokrtatik lider Aung San Su Çi bilen täze hökümetiň arasynda syýasy dawanyň hem bardygyny belläp geçdi.

Bu aralykda Au San Su Çi we onuň partiýasyna degişli deputatlar ýurduň täze parlamentindäki orunlaryna barmakdan boýun gaçyrdylar. Olar parlamente kasam edenlerinde “Konstitusiýany goraryn” söz düzümini “konstitusiýa hormat goýaryn” bilen çalşyrylmagyň gerekdigini öňe sürýärler. Olaryň aýtmagyna görä, ýurduň häzirki konstitusiýasy demokratik däl.
XS
SM
MD
LG