Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmen studenti öz janyna kast etdi


"Uniwersitetiň metbugat merkeziniň ýolbaşçysy A.Kononow studentiň okuw sapaklaryna ýetişmezligi zerarly resmi taýdan okuwdan çykarylanyna 2-3 hepde bolanlygyny aýtdy".
"Uniwersitetiň metbugat merkeziniň ýolbaşçysy A.Kononow studentiň okuw sapaklaryna ýetişmezligi zerarly resmi taýdan okuwdan çykarylanyna 2-3 hepde bolanlygyny aýtdy".
Ukrainanyň habar serişdeleri Harkowyň Milli ykdysady uniwersitetinde okaýan türkmenistanly bir studentiň öz janyna kast edendigini habar berdiler.

Türkmenistanyň Kiýewdäki ilçihanasyndan Türkmenistanyň bu raýatynyň Ukrainada heläk bolmagy bilen bagly bu waka barada anyk maglumat alyp bolmady. Bu pajygaly wakanyň sebäpleri we onuň nähili ýagdaýda ýüze çykandygy barada häzirlikçe anyk maglumat ýok.

Harkowyň Milli ykdysady uniwersitetinde türkmenistanly studentiň özüni asyp öldürenligini habar berdiler. Ukrainanyň “Segodýa.ua” atly internet gazetinde peýda bolan maglumatda-da özüni asyp öldüren bu studentiň uniwrsitetiň dördünji kursunyň studentidigi aýdylýar we käbir goşmaça maglumatlar hem berilýär.

Uniwersitetden berlen maglumat

Uniwersitetiň metbugat merkeziniň ýolbaşçysy Alekseý Kononowyň sözlerine görä, geçen hepdäniň sişenbe güni uniwersitetiň umumy ýaşaýyş jaýynda ýaşan studentiň jesedi onuň ýaşan otagyndan tapylypdyr.

Alekseý Kononow studentiň jesediniň ýanyndan hatyň hem tapylanlygyny, emma bu hatda onuň öz janyna kast etmeginiň sebäbini düşündirip biljek maglumatlaryň bolmanlygyny belledi.

Şol bir wagtda-da, Kononow studentiň okuw sapaklaryna ýetişmezligi zerarly resmi taýdan okuwdan çykarylanyna 2-3 hepde bolanlygyny aýtdy. Emma Alekseý Kononow türkmenistanly bu studentiň okuwdan çykarylmagynyň onuň öz janyna kast etmegine sebäp bolup-bolmanlygynyň heniz belli däldigini-de belledi.

Alekseý Kononowyň sözlerine görä, Ýewropanyň okuw programmasy esasynda bilim berýän Harkowyň Milli ykdysady uniwersitetinde okuwyna ýetişmeýän studentleriň pes bahalaryny düzetmegine giň mümkinçilikler berilýär.

Ol: “Bizde stundentleriň okuwdan çykarylmagy seýrek bolýar. Sebäbi bizde ornaşdyrylan Bolon bilim sistemasy studentlere pes bahalaryny düzetmek üçin ekzamenlerini 2-3 gezek gaýtadan tabşyrmaga mümkinçilik döredýär we hatda tabşyrylmadyk ekzamenler bilen hem kursdan kursa geçmäge rugsat berýär. Şeýle ýagdaýda student ekzameni indiki ýyl gaýtadan tabşyryp bilýär. Emma bellemeli zat, okamadyk studente ýöne ýerden baha goýulmaýar” diýip, belledi.

Uniwersitetiň metbugat merkeziniň ýolbaşçysy Alekseý Kononow türkmenistanly studentiň jesediniň Türkmenistana äkidilendigini habar berdi. Harkowyň Milli ykdysady uniwersitetinde bilim alýan türkmen ýaşlarynyň takyk sanyny aýtmadyk hem bolsa, ol bu uniwersitetde türkmenistanly ýaşlaryň köpdügini we tutuş türkmenlerden düzülen toparlaryň hem bardygyny aýtdy. Emma ol şeýle pajygaly wakanyň öň bolmanlygyny belledi.

Beýleki hadysalar

Şol bir wagtda, Ukrainanyň Harkow şäherinde okaýan türkmen studentleriniň gatnaşmagynda ukrain metbugatynyň üns merkezine düşen ýene bir waka 2010-njy ýylda bolupdyr. Şonda Harkowyň Medisina uniwersitetiniň 20-ä golaý türkmenistanly studenti ukrain milletinden bolan üç studenti urup-ýenjipdirler. Muňa milletçilik duýgularynyň sebäp bolanlygy aýdylýar.

Türkmenistanly studentiň gatnaşmagynda bolan ýene bir waka ýakyn günlerde Ukrainanyň Lugansk şäherinde bolupdyr. Şäheriň ýokary okuw jaýlarynyň birinde okaýan Türkmenistanyň 24 ýaşly raýaty orta mekdepleriň birinde serhoş halda bidüzgünçilik edip, tutulypdyr. Ukrainanyň metbugatyna görä, Türkmenistanyň raýaty serhoşlukdan açylansoň, öz hereketlerini düşündirip bilmändir.

Ukrainanyň Ylym, bilim, ýaşlar we sport boýunça ministrliginiň resmi maglumatyna görä, Ukrainada 8 müň 300 töweregi türkmenistanly student bilim alýar. Türkmen studentleriniň sanynyň ýene-de köpelmegine garaşylýar. Bu barada şu ýylyň mart aýynda Türkmenistanyň prezidentiniň Ukraina eden sapary wagtynda Ukrainanyň prezidenti Wiktor Ýanukowiç hem aýdypdy.

Resmi maglumatlara görä, daşary ýurtly studentler Ukrainanyň döwlet gaznasyna ýylda 115 million dollar çemesi girdejji getirýärler.
XS
SM
MD
LG