Sepleriň elýeterliligi

Ermeniler gyrgyn pidalaryny ýatlaýar


Prezident Serž Sarkisýan we Apostol kelisesiniň lideri Garegin II Birinji Jahan Urşy döwründe Osman türkleri tarapyndan öldürilen ermeileriň Ýerewandaky ýadygärligine gül goýýar. 24-nji aprel, 2012.

Prezident Serž Sarkisýan we Apostol kelisesiniň lideri Garegin II Birinji Jahan Urşy döwründe Osman türkleri tarapyndan öldürilen ermeileriň Ýerewandaky ýadygärligine gül goýýar. 24-nji aprel, 2012.

Duşanbe güni müňlerçe adam Ermenistanyň paýtagty Ýerewanda gyrgyn pidalarynyň hatyrasyna gurlan ýadygärligiň ýanynda toplandy.

Ermenistanyň prezidenti Serž Sarkisýan we beýleki ýokary derejeli resmiler sişenbede, resmi Hatyra gününde Tsitsernakaberd ýadygärliginiň etegine gül goýdular.

Sarkisýan öz gysgajyk sözünde bu ýyl dönümini milli ýas güni hökmünde häsiýetlendirdi. Ol: “Ýitirilen zatlaryň hiç biri unudylmaýar. Biz öz köklerini ýatdan çykarýanlardan däl, biz Ermenistan” diýdi.

Türkiýe "gyrgyn" termini bilen ylalaşmaýar

Goňşy Türkiýäniň hökümeti ermeni gyrgynçylygy barada aýdylýan zatlar bilen ylalaşmaýar.

Ankara 1915-18-nji ýyllarda osmanly türkler tarapyndan 1.5 milliona golaý ermeniniň gyrlandygyny inkär edýär. Osmanly türklerden soň gurlan türk hökümeti bu döwürde ölen ermenileriň sanynyň has az bolandygyny we olaryň graždan urşunyň pidasydygyny, Osman hökümetiniň hristian azlygyny bilkastdan gyrgyna bermändigini aýdýar.

Bu dawa Türkiýe bilen Ermenistanyň diplomatiki gatnaşyk guramaganyň öňüni alyp gelýär, ýogsa bu iki ýurduň 330 km umumy araçägi bar.

1915-nji ýylyň 24-nji apreli

Ermeniler 24-nji apreli Osman kampaniýasynyň etniki ermenileri nyşana alyp başlan güni hökmünde belleýärler. Ermeniler 1915-nji ýylyň 24-nji aprelinde Osman imperiýasynyň raýaty bolan ýüzlerçe intellektualyň türk paýtagtyna toplanyp, şol ýerden sürgüne ugradylandygyny we köpüsiniň öldürilendigini aýdýarlar.

Duşanbe güni agşam birnäçe müň adam Ýerewanyň merkezinden Tsitsernakaberd ýadygärligine çenli otly kesindili ýörişe gatnaşdy. Bu hili ýöriş Ýerewanda 2000-nji ýyldan bäri her ýyl geçirilýär. Bu ýörişi Ýaşlar bileleşigi we Daşnaktsutyun Ermeni rewolýusi partiýasy guraýar.

Ýaşlar bileleşiginiň lideri Mariýa Titizýan bu ýatlama ýörişiniň gyrgynçylygyň unudylmaýandygyny nygtamak üçin geçirilýändigini aýdýar.

“Bu bir ýigrençden doly gün däl, bu biziň ar alynmagyny isleýän günümizem däl. Biziň isleýän zadymyz, eger siz biziň aýdýan zatlarymyzy diňleseňiz, olar gyrgynçylygyň ykrar edilmegini soraýarlar” diýip, Titizýan aýtdy.

Ol şondan bäri geçen döwürde bu gyrgynçylygy amala aşyranlaryň dört ýa bäş nesliniň ony inkär edip gelýändigini, munuň bolsa gyrgynyň soňky sahnasy bolup durýandygyny hem sözüne goşdy.

Titizýan ermenileriň köpçülikleýin öldürilmeginiň ykrar edilmeginiň Ermenistan bilen Türkiýäniň ikisi üçinem möhümdigini nygtady.

“Bu biziň derdimiz”

Ýekşenbe güni türk aktiwistleriniň ýüzlerçesi ermenileriň köpçülikleýin öldürilmeginiň pidalaryny hatyralamak üçin Stambulyň merkezine ýygnandy. Elleri gyzyl gwozdikaly aktiwsitler şäheriň merkezindäki Taksim meýdanynda, gamgyn ermeni sazynyň astynda şem ýakdylar we “Bu biziň derdimiz” diýen ýazgyly plakata gül goýdular.

Şeýle-de ýekşenbe güni onlarça türk intellektualy Stambul muzeýiniň daş işigine ýygnandy. Bu bina 1915-nji ýylda bir ýere toplanan ermeniler üçin türme bolup hyzmat edipdi.

Bu Türkiýäniň iň uly şäherinde ermeni gyrgynçylygynyň ýyl dönüminiň jemgyýetçilik tarapyndan ikinji gezek bellenişidir. Şeýle ýygnanyşygyň ilkinjisi 2010-njy ýylda bolupdy we oňa häzirkä garanda has az adam gelipdi.

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG