Sepleriň elýeterliligi

Müsür ABŞ-nyň dokuz guramasyny bu ýurtdan çykarmaly etdi


Müsür düýbi ABŞ-da ýerleşýän hökümete degişli bolmadyk dokuz guramanyň bu ýurtda iş alyp barmagyna gadagançylyk girizdi.

Jemgyýetçilik işleri boýunça ministrligiň sişenbe güni aýtmagyna görä, şol guramalaryň alyp barýan işleri “Müsüriň özygtyýarlygyny bozýar”.

Gadagançylyk girizilen guramalaryň arasynda “Karter” merkezi hem bar. Ol ABŞ-nyň ozalky prezidenti Jimmy Karter tarapyndan esaslandyrlypdy. Bu gurama şu ýylyň başynda Müsürdäki parlament saýlawlaryna gözegçilik edipdi.
XS
SM
MD
LG