Sepleriň elýeterliligi

AI: Ýewropada musulmanlar diskriminasiýa duçar edilýärler


Ýewropada musulmanlar okuwa we işe girmekde belli bir kynçylyklara sezewar bolýarlar. Adam hukuklaryna gözegçiik edýän “Amnesty International” guramasy bu ýagdaýa Ýewropa ýurtlarynda musulmanlara garşy medeni we dini diskriminasiýanyň sebäp bolýandygyny aýdýar.

Guramanyň sişenbe güni çap eden hasabatynda musulmanlaryň Fransiýadaky, Belgiýadaky, Ispaniýadaky we Niderlandlardaky durmuş şertrleri öwrenilipdir.

“Amnesty International” Ýewropa Bileleşiginde diskriminasiýa garşy bar bolan kanunçylygy berkitmäge, şeýle-de musulmanlara garşy negatiw garaýşa garşy durmaga çagyryş edýär.
XS
SM
MD
LG