Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Baku: Ysraýylyň daşary isler ministriniň sapary Eýrana garşy däl


Azerbaýjanyň Daşary işler ministrligi ýurda sapar edýän Ysraýylyň daşary işler ministri Awigdor Liberman bilen geçiriljek gepleşiklerde diňe ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň maslahat ediljekdigini aýtdy.

Şeýle-de, ministrlik gepleşikleriň Eýrana ýa-da başga bir döwlete garşy hüjüme gönükdirilmejekdigini belledi. Liberman iki günlik sapar bilen Azebaýjana duşenbe güni barypdy.

Mundan bir aý öň ABŞ-nyň “Foreign Policy” neşirinde Eýrana garşy edilip bilnäýjek harby hüjüm bilen baglylykda, Ysraýylyň Azerbaýjanyň aerodromlaryny ulanmaga ygtyýarlyk alandygy barada maglumat peýda bolupdy. Bu habary hem Ysraýyl, hem Azerbaýjan ret etdi.
XS
SM
MD
LG