Sepleriň elýeterliligi

Çeçenistanda we Dagystanda jemi on bir söweşiji öldürildi


Çeçenistanda we Dagystanda bolan çaknyşyklarda ýekşenbe gününden bäri 11 söweşiji we iki polisiýa işgäri öldi. Bu barada Orsýetiň terrorizme garşy göreş merkezi habar berýär.

Dagystanda polisiýanyň geçiren ýörite operasiýalarynda dokuz söweşiji öldürilipdir.

Çeçenistanda amala aşyrylan operasiýada bolsa, tokaýda gizlenýän söweşijileriň ikisi öldürilipdir. Operasiýanyň dowamynda iki polisiýa işgäriniň-de heläk bolandygy habar berilýär.
XS
SM
MD
LG