Sepleriň elýeterliligi

Pentagon täze aňtaw gullugyny döretmegi planlaşdyrýar


ABŞ-nyň Goranmak ministrligi täze aňtaw gullugyny döredýär. Bu barada ABŞ-nyň metbugatynda maglumatlar peýda boldy.

Pentagondan adynyň tutulmagyny islemedik bir ýokary derejeli resminiň aýtmagyna görä, täze dörediljek aňtaw gullugy Merkezi aňtaw agentligi bilen ýakyn hyzmatdaşlykda işläp, harby edaralar bilen aňtaw gulluklarynyň arasyndaky hyzmatdaşlygy ösdürer.

Täze gullugy döretmek boýunça planyň geçen hepdede ABŞ-nyň goranmak ministri Leon Panetta tarapyndan goldanylandygy aýdylýar.
XS
SM
MD
LG