Ukrainanyň tussaglykda saklanýan ozalky premýer-ministri Ýulia Timoşenko protest hökmünde açlyk çäresine başlady.
Timoşenkonyň aklawçysy Serhiy Wlasenkonyň sişenbe güni aýtmagyna görä, Timoşenko açlyk çekmäge geçen hepde, 20-nji aprelde başlapdyr.
Wlasenko Ýulia Timoşenkonyň agyr keseldigini we ýerinden galyp bilmeýändigini hem aýtdy. Onuň sözlerine görä, Timoşenko açlyk çäresine türmedäki bikanunçylyga we Ukrainadaky ýagdaýlara protest hökmünde başlapdyr.
Geçen oktýabrda Timoşenko wezipesinden hyýanatçylykly peýdalanmakda aýyplanyp, ýedi ýyl türme tussaglygyna höküm edilipdi. Ol özüniň türmä syýasy matlaplar esasynda basylandygyny aýdýar.