Sepleriň elýeterliligi

Türkmenistan: gurluşyk köp, nägilelik hem köp


"Ahal welaýatynda 2008-2011-nji ýyllar aralygynda gurulmagy göz öňünde tutulan 143 desganyň bary-ýogy 54-siniň gurlandygyny habar berilýär".

"Ahal welaýatynda 2008-2011-nji ýyllar aralygynda gurulmagy göz öňünde tutulan 143 desganyň bary-ýogy 54-siniň gurlandygyny habar berilýär".

Ýokary derejeli hökümet wekilleriniň, welaýatlaryň häkimleriniň, ministrlikleriň we edaralaryň ýolbaşçylarynyň gatnaşmagynda geçirilen 23-nji apreldäki maslahatda prezident G.Berdimuhamedow Ahal welaýatynda alnyp barylýan gurluşyk işleriniň depginini berk tankytlady.

Wideogörnüş arkaly geçirilen şol maslahatda prezidentiň Ahal welaýatynda 2008-2011-nji ýyllar aralygynda gurulmagy göz öňünde tutulan sosial-medeni maksatly 143 desganyň bary-ýogy 54-siniň gurlandygyny aýdanlygy habar berilýär.

Türkmenistanyň döwlet eýeçiligindäki habar serişdeleriniň maglumatynda prezidentiň şol desgalardan häzirki döwürde 67-siniň gurluşygynyň dowam etdirilýändigini we 22-siniň gurluşygyna asla başlanmanlygyny aýdanlygy habar berilýär.

Muňa näme sebäp bolýar?

Resmi maglumatlardan çen tutulsa, bu sanlar 2008-2011-nji ýyllarda gurulmagy göz öňünde tutulan desgalaryň diňe 33 prosentiniň tabşyrylanlygyny aňladýar.

Türkmen metbugatynda prezidentiň aýdanlaryna salgylanyp habar berilmegine görä, şeýle pes görkezijilere birnäçe oňaýsyz faktor sebäp bolupdyr. Ilkinji nobatda, taslamalar baradaky dokumentleri taýýarlamak üçin 2-3 aý däl-de, 12-14 aý sarp edilipdir. Çünki “welaýat häkimliginde işler örän ýaramaz gurnalypdyr”.

N.Nurmämmedow: “Şol pul serişdeleri gurluşyklara nähili, näçe wagtda we näderejede barýar? Ine, şu zatlara baglylyk bar”.

N.Nurmämmedow: “Şol pul serişdeleri gurluşyklara nähili, näçe wagtda we näderejede barýar? Ine, şu zatlara baglylyk bar”.

Dokumentleri taýýarlamak meselesindäki päsgelçilikler bilen bagly prezidentiň öňe sürýän pikiri bilen ýerli synçy Nurberdi Nurmämmedow hem ylalaşýar. Ol bu barada şeýle diýdi: “Ýerlerde gurluşyk edaralarynyň göz öňünde tutulan desgany gurup bermek üçin güýji pes. Ikinjiden, islendik gurluşygyň başlanmagy we onuň alnyp barylmagy üçin düzedilmeli dokumentler köp wagty talap edýär. Bu ýerde býurokratik päsgelçilikler köp”.

Türkmen resmileriniň 2011-nji ýylda beren maglumatlaryna görä, diňe 2010-njy ýylyň özünde ýurtda umumy bahasy takmynan 4.8 milliard amerikan dollaryna barabar önümçilik, medeni-durmuş maksatly desgalaryň jemi 120 sanysy gurlup, ulanmaga berlipdir.

Nurberdi Nurmämmedow regionlarda sosial-medeni maksat bilen gurulýan desgalaryň gurluşygynyň maliýe üpjünçiliginiň gowudygyna ynansa-da, şol pullaryň niýetlenen ýerine doly sarp edilýändigine şübhelenýär.

Ol: “Elbetde, şonça desgalary gurmak planlaşdyrylan bolsa, onuň maliýe üpjünçiligi hem göz öňünde tutulan bolmaly. Muňa söz ýok. Emma şol pul serişdeleri gurluşyklara nähili, näçe wagtda we näderejede barýar? Bu ýerde ara goşulýan býurokratik edaralar nähili işleýär? Ine, şu zatlara baglylyk bar” diýdi.

Nähili çykalga bar?

Türkmenistanyň 2012-nji ýyl boýunça döwlet býujetine görä, şu ýyl ýurduň sosial pudagynyň ösüşine býujetde görkezilen serişdeleriň 76.7 prosenti sarp ediler. Bu serişdäniň uly bölegi ýokary oňaýlykly ýaşaýyş jaýlarynyň gurluşygyna gönükdiriler.

23-nji aprelde geçirilen maslahatda 2008-2011-nji ýyllarda göz öňünde tutulan gurluşyk desgalary boýunça kemçilikler hakda gürrüň edilip, 2012-nji ýylda gurulmagy göz öňünde tutulýan proýektlerde şeýle kemçilikleriň gaýtalanmazlygy üçin nähili çäreleriň görlenligi hakda maglumat berilmedi.

Emma käbir ýerli synçylar ýurdy ösdürmek üçin köpsanly sosial-medeni maksatly desgalaryň gurluşygynyň alnyp barylýandygy yzygiderli wagyz edilýän häzirki pursatda häkimieýtleriň şeýle kemçilikleri boýun almagyna bir öňe ädilen ädim hökmünde baha berýärler.

Ýöne aşgabatly synçy Nurberdi Nurmämmedowyň pikiriçe, bu ugurda bardygy aýdylýan kemçilikleriň öňüni almak üçin bütin ýurtda gurluşyk infrastrukturasyny döretmeklik zerur: “Esasanam, hususy eýeçilikde bolan gurluşyk infrastrukturasyny döretmeli. Şonuň ýaly-da, şol gurluşyklarda işleýänleriň zähmet haklary edýän işlerine laýyk bolmaly”.

Prezident G.Berdimuhamedow hasaba alnan kemçilikleri tiz wagtda düzetmek üçin welaýatyň ýolbaşçylaryna ministrlikler we pudaklar bilen birlikde zerur çäreleri görmegi tabşyrypdyr.
XS
SM
MD
LG