Sepleriň elýeterliligi

AI: “Ýewropada din boýunça disrkiminasiýa dowam edýär”


Belgiýanyň Genk şäherinde ak hijap daňnan musulman zenanlary özleriniň baş örtgüleri sebäpli "HEMA" dükanlar toplumyndan işden çykarylmaklaryna protest bildirýärler. Genk, mart, 2011.

Belgiýanyň Genk şäherinde ak hijap daňnan musulman zenanlary özleriniň baş örtgüleri sebäpli "HEMA" dükanlar toplumyndan işden çykarylmaklaryna protest bildirýärler. Genk, mart, 2011.

Ynsan hukuklaryny goraýjy halkara “Amnesty International” guramasynyň täze hasabatynda käbir ýewropaly musulmanlaryň iş we okuw mümkinçiliklerinden birsyhly mahrum edilýänligi aýdylýar. Bu diskiriminasiýa sebäp bolýan olaryň garşysyna gönükdirilen giňden ýaýran nädogry medeni we dini pikirler diýlip bu hasabatda bellenilýär.

“Ýweropada musulmanlaryň kemsidilmegi” diýlip atlandyrylan bu hasabatda Şweýsariýadaky, Fransiýadaky, Belgiýadaky, Ispaniýadaky we Niderlandlardaky musulmanlaryň ýaşaýyş ýagdaýy gözden geçirilip, musulmanlaryň egin-eşik ýa-da yslam bilen baglanyşdyrylýan beýleki zatlar sebäpli ala tutulýandyklary, işde hem okuwda olaryň kynçylyklar bilen ýüzbe-ýüz bolýandyklary barada netije çykarylýar.

Hasabatda aýdylmagyna görä, bu ýagdaýa sebäp bolýan ýene bir zat, bu ýurtlarda bu kemsitmelere kanuny jezanyň ýoklugy.

Ýewropa Bileleşiginiň iş strukturasynyň direktiwasynda adamlara din we ynanç sebäpli tapawutly garalmagynyň diskiriminasiýanyň artmagyna getirýänligi nygtalýar. Belgiýanyň, Fransiýanyň, Niderlandlaryň we Isapniýanyň ýerli kanunlarynda hem bu pozisiýa gaýtalanýar.

Kanun meselesi sorag döredýär

“Amnesty International” guramasynyň diskriminasiýa boýunça eksperti we bu hasabatyň awtory Marko Perolininiň aýtmagyna görä, bu kanunlaryň ýerine ýetirilişi gaty gowşak, käbir ýerlerde bolsa asla beýle kanun ýok.

Ol: “Biziň ýüze çykaran zadymyz: Fransiýa, Niderlandlar we Belgiýa ýaly käbir ýurtlarda bar bolan bu kanunlaryň doly ýerine ýetirilmeýänligi. Adamlary aladalandyrýan hem şu ýagdaý. Ýöne başga ýagdaýlar hem bar. Mysal uçin, Şweýsariýa Ýewropa Bileleşiginiň agzasy däl. Bu ýurtda diskriminasiýa garşy giň gerimli kanun ýok. Şweýsariýada adamlar işe alnanda, olary din ýa ynanç sebäpli ala tutmaklygy gadagan edýän kanun ýok” diýip, ýagdaýy düşündirdi.

“Amnesty Interantional” guramasy dini we medeni simwollar sebäpli diskriminasiýa ýol berýän kompaniýalaryň müşderilerini närazy edip, öz kompaniýalaryna zyýan ýetirmegi mümkin diýen pikirde.

Hasabatda parižli tejribeli sosial işgär Amel mysal getirilýär. Başy bürenjekli gezýän Amel iş tapmakda köp kynçylyk çekipdir. Ol maşgala zorluklaryndan ejir çekýän zenanlara maslahat beriji konsultant hökmünde işe ýerleşjek bolanda, iş beriji oňa “Sen zorlukdan ejir çekýän musulman zenanlaryň iş tapmaklary we maliýe taýdan garaşsyz bolmaklary üçin bürenjeklerini aýyrmalydyklaryny olara nädip ynandyryp biljek?” diýip ýüzlenipdir.

Ýewropanyň Awstriýa, Belgiýa, Daniýa, Fransiýa, Italiýa, Niderlandlar, Ispaniýa, Şweýsariýa we Beýik Britaniýa ýaly ýurtlarynda aýallaryň jemgyýetçilikde ýüzlerini büräp gezmeklerini gadagan etmek barada dörän çekişmler hem bu ugurdaky kynçylyklary güýçlendirdi. Belgiýa bilen Fransiýa eýýäm şeýle gadagançylygy kanunlaşdyrdylar.

“Amnesty International” guramasynyň diskriminasiýa boýunça eksperti we bu hasabatyň awtory Marko Perolini bular ýaly kanunlaryň söz we dini azatlyk baradaky hukuklara ters gelýändigini aýdýar: “Biziň isleýänimiz – köpçülikleýin gadagançylyklaryň halkara adam hukuklarynyň ölçeglerine laýyk gelmegi”.
XS
SM
MD
LG