Sepleriň elýeterliligi

Iş bar bolsa, iş şerti barmy?


Gülnabat: "Saglyk meselesi hem has kyn bu taýda. Saglyk ýagdaýy sebäpli işden çykyp gidýänlerem bar".

Gülnabat: "Saglyk meselesi hem has kyn bu taýda. Saglyk ýagdaýy sebäpli işden çykyp gidýänlerem bar".

Sowet zamanynda Türkmenistanda öndürilýän pagta süýümi Orsýetdäki egirme-dokma fabriklere iberilýärdi. Şol ýerde-de mata dokalýardy. Garaşsyzlyk ýyllary çig maly ýurduň içinde işläp, taýýar önüm çykarýan ululy-kiçili köpsanly tekstil fabrikleri guruldy.

Bu fabrikler ýerli ilaty, esasan-da, aýal-gyzlary belli bir derejede iş bilen üpjün edýär. Şeýle kärhanalardan birem Gökdepede ýerleşýär. Azatlyk Radiosy şu egirme-dokma fabriginde aýal-gyzlaryň iş şertleri barada fabrigiň işgärlerinden biri Gülnabat atly zenan bilen gürrüňdeş boldy.

Azatlyk Radiosy: Gülnbatat, bu fabrikdäki iş şertleriňiz, umuman, nähili?

Gülnabat: Iş şertlerimiz kynrak, aýlyklarymyz pes, az tölenýär. Köne puldan iki-iki ýarym million manat tölenýär. Şolary galdyraýsalar, gowy boljak. Iş şertlerimizi gowulandyrsalar, hasam gowy boljak.

Saglyk meselesi hem has kyn bu taýda. Boýag ýerlerinde has haparak. Adamlara zyýan berýän ýerlerem bar. Saglyk ýagdaýy sebäpli işden çykyp gidýänlerem bar. Tikin ýerinde kirşen köp bolýar. Azajyk otursaň , kirşene çümýärsiň. Endam-janyň eşikleriň bilen kirşene dönýär.

Azatlyk Radiosy: Bu agzan ýaramaz iş şertleriňiz sebäpli işgärlere nähili ýeňillikler, olaryň saglygyny dikeltmek üçin nähili şertler döredilýär ýa göz öňünde tutulýar?

Gülnabat: Özüň haýyş etseň, putýowka berilýär. Edaranyň kassasyna bir million manat töläp, putýowka alýarys. Gatyk berýärler. Günortanlyk nahar-iýmiti fabrikanyň özi berýär. Dekrete çykýan gelinlere dekreti tölenýär. Zähmet rugsat puly berilýär.

Barlag gelen wagtlary gowy bolýar. Barlaglaryň ministrliklerden gelýän mahallary bolýar. Şonda gowy seredilýär, başga wagt kän üns berilmeýär.

Azatlyk Radiosy: Ýokardan barlagçylar gelende, gowy bolýandygyny aýtdyňyz. Iş şertleriňiz bilen olar gyzyklanýarmy?

Gülnabat: Gyzyklanýan taraplary-da bar, ýöne hemme ýagdaýlar bilen gyzyklananoklar. Olar her ýerräkde sorag-jogap alyşýarlar. Işgärler gorkýarlar, hakykaty aýdyp bilmeýärler. Aýdan wagtyňam düzelmeýär, ýagdaý şol galyşyna galýar.

Azatlyk Radiosy: Fabrikadaky her günki iş sagadyňyz näçe sagat?

Gülnabat: Sekiz sagat, onam ýedi sagat diýip kabul edýärler. Hakykatda sekiz sagat işledýärler, bir sagadyny kem ýazýarlar. Köp işleseňem, az işleseňem, şol bir hak tölenýär. Baýramçylyk, dynç günleri işlämizok. Ýöne käwagt işimiz gyssagly bolan mahaly, baýramçylyk we dynç günleri işleýäris. Iş şertleri ýönekeý işgär üçin agyr.

Azatlyk Radiosy: Siziň işleýän kärhanaňyzda işgärleriň iş-durmuş şertlerini gowulandyrmak üçin nähili çäreler görülse gowy bolar? Bu barada kärdeşleriňiz nähili pikir edýär?

Gülnabat: Aýlyklarymyzy galdyrsalar, köpräk töleseler, kömek boljak. Onsoňam, ýarym sagatda hem nahara gitmeli, hem dynç almaly, şony bir sagat etseler.

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG