Sepleriň elýeterliligi

Wengriýa “Nabukko” proýektinden çykýar


Türkiýede 2009-njy ýylda Ýewropa Bileleşiginiň wekilleriniň we Türkiýäniň premýer-ministriniň gatnaşmagynda "Nabukko" proýekti barada optimistik ylalaşyga gol çekilipdi. Ankara, 13-nji iýul, 2009.

Türkiýede 2009-njy ýylda Ýewropa Bileleşiginiň wekilleriniň we Türkiýäniň premýer-ministriniň gatnaşmagynda "Nabukko" proýekti barada optimistik ylalaşyga gol çekilipdi. Ankara, 13-nji iýul, 2009.

Wengriýanyň premýer-ministri Wiktor Orban duşenbe güni öz ýurdunyň “MOL” nebit-gaz kompaniýasynyň Ýewropanyň goldaýan “Nabukko” gazgeçirijisi boýunça taslamadan çykýandygyny yglan etdi. Ol bu proýektiň “başynyň gowgalydygyny” aýtdy.

Wengriýanyň “MOL” nebit-gaz kompaniýasy “Nabukko” gazgeçirijisi boýunça taslama gatnaşýan 6 kompaniýanyň biridi. Uzynlygy 3900 kilometre deň boljak “Nabukko” gazgeçirijisi arkaly Ýewropanyň ýurtlaryna her ýylda 31 milliard kubometr tebigi gaz akdyrmak planlaşdyrylýar. Onuň gurluşygyna şu ýylyň ahyrlarynda başlamak göz öňünde tutulýar.

Azatlyk Radiosy Wengriýanyň şu soňky beýanaty hem-de “Nabukko” proýektiniň perspektiwalary barada düýbi Londonda ýerleşýän global energiýa meseleleri boýunça merkeziň eksperti Julian Li bilen söhbetdeş boldy.

Azatlyk Radiosy: Jenap Li, golaýda Wengriýanyň premýer-ministri Wiktor Orban öz ýurdunyň “MOL” kompaniýasynyň “Nabukko” gazgeçirijisi baradaky taslamadan çykýandygyny yglan etdi. Eýsem, bu nämäniň alamaty?

Julian Li: Meniň pikirimçe, “Nabukko” gazgeçirijisi boýunça taslama gatnaşýan kompaniýalaryň birnäçesi taslama boýunça ösüşiň ýoklugyna örän alada bildirýärler. Şeýle-de, olar Azerbaýjanyň we Türkiýäniň öz gazgeçirijisini gurmak karary sebäpli “Nabukko” gazgeçirijisini gurmak şansy barada hem alada edýärler.

Netijede, “Nabukko” gazgeçirijisi üçin zerur bolan tebigy gazyň haýsy regiondan alynjakdygy juda nämälim bolup görünýär.

Azatlyk Radiosy: Wengriýanyň “MOL” kompaniýasynyň “Nabukkodan” çykmagynyň bu taslama nähili täsir etmegi mümkin?

Julian Li: Meniň pikirimçe, häzir “Nabukko” taslamasy örän köp kynçylyk bilen ýüzbe-ýüz. Emma “Nabukkonyň” iň esasy kynçylygy gazgeçiriji üçin zerur tebigy gazy haýsy regiondan almalydygy. “Nabukko” taslamasynyň partnýorlaryndan biri Azerbaýjan “Şa Deňiz” ýatagyndan bu gazgeçiriji üçin tebigy gaz bermekçi däl.

Şunlukda, “Nabukko” arkaly her ýylda akdyryljak 31 milliard kubometr tebigy gazy tapmak iň esasy problema. Meniň üçin, mydama “Nabukko” bilen bagly iň esasy problemalaryň biri – bu taslamanyň paýdarlarynyň arasynda köp mukdarda gaz eksport edip biläýjek haýsydyr bir ýurduň ýokdugy boldy.

Azatlyk Radiosy: Türkmen häkimiýetleri “Nabukko” gazgeçirijisi üçin Türkmenistanyň gaz bermäge taýýardygyny aýdýarlar. Siz Türkmenistanyň bu taslamadaky roluna nähili baha berýärsiňiz?

Julian Li: Häzir “Nabukkonyň” paýdarlary bu taslama gatnaşmak we onuň paýdarlarynyň sanyny azaltmak meselelerini orta atýarlar. Bu bolsa “Nabukko” gazgeçirijisi üçin tebigy gaz berip biljek ýurtlary onuň eýeçilik strukturasyna kabul etmäge uly mümkinçilik berýär.

Elbetde, “Nabukko” üçin tebigy gaz berip biljek ýurtlaryň biri Türkmenistan. Şunlukda, eger Wengriýanyň “MOL” kompaniýasy “Nabukko” taslamasyndan çyksa we Germaniýanyň “RWE” kompaniýasy-da öz paýyny kemeltse, onda häzir taslamanyň paýdarlarynyň hataryna köp möçberde tebigy gaz eksport edýän ýurtlary kabul etmegiň tüýs wagty bolmagy mümkin.

Azatlyk Radiosy: Jenap Li, “Nabukko” gazgeçirijisi boýunça taslamanyň geljegi barada näme aýtmak mümkin?

Julian Li: Meniň pikirimçe, “Nabukkonyň” gysga döwrüň içinde kynçylyklar bilen ýüzbe-ýüz bolandygy belli. Ol Azerbaýjanyň “Şa Deňiz” ýatagyndan tebigy gaz almak mümkinçiligini elden gidirdi.

Indi “Nabukko” gazgeçirijisi üçin başga çeşmelerden tebigy gaz agtarylmagy mümkin. Belki-de, onuň üçin Azerbaýjandaky beýleki taslamalar arkaly gaz almaga synanyşylar. Şeýle-de, Yragyň demirgazygyndan ýa-da Türkmenistandan tebigi gaz alarlar.

Meniň pikirimçe, bu taslama gyzyklanma bildirýän taraplar “Nabukko” gazgeçirijisiniň gurluşygyna başlamazdan öň, onuň üçin zerur bolan tebigy gaz barada kepillikler almaly. Şoňa görä-de, ýakyn bir-iki ýylyň içinde “Nabukko” gazgeçirijisiniň gurluşygyna başlanjakdygy barada aýdylýan garaýyşlar çakdanaşa optimistik bolup görünýän ýaly.

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG