Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Futbol: “Çelsi” komandasy “Çempionlar Ligasynyň” finalynda oýnar


Londonyň “Çelsi” futbol komandasy Ýewropanyň futbol boýunça iň güýçli komandalarynyň arasynda geçirilýän şu ýylky “Çempionlar Ligasynyň” bäsleşiginiň final oýnunda oýnar.

Sişenbe güni “Çelsi” komandasynyň Ispaniýanyň “Barselona” komandasy bilen Ispaniýada geçiren oýny 2:2 hasap bilen gutardy. Şeýlelikde, bu komandalaryň iki oýnunyň jemi boýunça “Çelsi” ýeňiji bolup (ol geçenki oýunda 1:0 hasap bilen “Barselonany” utupdy), finala çykdy.

Finalda oýnajak ikinji topar “Real Madrid” komandasy bilen “Baýern Münhen” komandasynyň arasynda çarşenbe güni giçjek oýundan soň belli bolar.
XS
SM
MD
LG