Sepleriň elýeterliligi

Gurban Berdiýew Orsýetiň “Dostluk” ordenine mynasyp boldy


Orsýetiň prezidenti Dmitriý Medwedewiň permany bilen, Tatarystan Respublikasynyň Kazan şäheriniň “Rubin” futbol klubynyň baş treneri Gurban Berdiýew “Dostluk” ordeni bilen sylaglandy.

Bu baradaky permanda Gurban Berdiýewe bu sylagyň “bedenterbiýäni we sporty ösdürmekde we uzak ýyllaryň dowamynda sap ýürekden bitiren işleri üçin” berlendigi aýdylýar.

Türkmenistanly trener Gurban Berdiýewiň ýolbaşçylygynda “Rubin” komandasy soňky ýyllarda iki gezek Orsýetiň çempiony boldy.
XS
SM
MD
LG