Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkiýe ermeni gyrgynçylygy barada Obamanyň çykyşyna alada bildirdi


Birinji Jahan Urşunda osman türkleri tarapyndan öldürildi diýilýän 1.5 million töweregi ermeniniň hatyra gününde ABŞ-nyň prezidenti Barak Obamanyň eden çykyşy boýunça Türkiýe özüniň çuňňur alada bildirýändigini mälim etdi.

Barak Obama bu waka “20-nji asyryň iň zalym jenaýatlarynyň biri” diýip baha berdi.

Obama öz çykyşynda ermenileriň “zalymlyk bilen öldürilendiklerini ýa-da ölüme iterilendiklerini” aýtdy, ýöne ol “genosid” sözüni ulanmady.

Türkiýäniň daşary işler ministri Obamanyň belliklerine “obýektiw däl” we “taryhy faktlary ýoýýan” diýip baha berdi.
XS
SM
MD
LG