Sepleriň elýeterliligi

Ýewropa Bileleşiginiň käbir diplomatlary Belarusa dolanýarlar


Ýewropa Bileleşiginiň döwletleriniň Belarusdaky ilçileri Minske dolanyp başladylar. Bu döwletleriň ilçileri awtoritar prezident Aleksandr Lukaşenkonyň režiminiň adam hukuklarynyň ýagdaýyna protest bildirip, fewral aýynda Belarusy terk edipdiler.

Estoniýanyň, Çehiýa Respublikasynyň we Şwesiýanyň ilçileriniň aýtmaklaryna görä, olar şu hepdede Belarusa dolanmaklygy planlaşdyrýarlar.

Režimiň resmilerine gönükdiren ÝB-niň täze sanksiýalarynyň girizilmegi bilen, Belarusyň hökümeti hem iki sany ýewropaly ilçiniň Minski terk etmegini sorady.

Şondan soň ÝB-niň ähli 27 döwleti özleriniň Belarusdaky ilçilerini yzyna çagyrdy.
Ozalky prezidentlige kandidat Andreý Sannikowyň we onuň kömekçisi Dmitriý Bandarenkanyň 15-nji aprelde azatlyga göýberilmegi bilen, ilçiler yzlaryna dolanmaga başladylar.

2010-njy ýylyň ahyrynda Belarusda geçirilen prezident saýlawlarynda galplyklara ýol berildi diýilip geçirilen köpçülikleýin protestlerde türmä salnan ähli syýasy tussaglaryň azatlyga goýberilmegi üçin Ýewropa Bileleşigi Belarusyň režimine basyş edip gelýär.
XS
SM
MD
LG